• news ID :

    68920

  • /
  • Date :

    2020-02-01

  • Font

TurkmensNews-  Taruhyn şu Güni Taryh 300x169 - Taryhda 1-nji fewral

1553-nji ýylyň 1-nji fewraly… Osman imperiýasy bilen Fransiýa şalygynyň arasynda “Stambul Şertnamasy” baglaşylýar we iki ýurt Awstriýa imperiýasyna garşy arkalaşyk döredýär. Şertnama bilen Fransiýa şasy Osman patyşasyna tabynlygyny we patyşanyň Ýewropanyň ýeke-täk imperatorydygyny ykrar edýär. Osman imperiýasy bolsa Awstriýa bilen söweşde Fransiýa guryýer we deňiz güýji kömegini bermegi kepillendirýär.

1944-nji ýylyň 1-nji fewraly… Bolu, Gerede we Çankyry welaýatlarynda 7,3 bala barabar ýer titremesi bolýar. Uzynlygy 200 kilometr we giňligi 25 kilometr zolakdaky binalaryň ýykylmagyna sebäp bolan ýer titremesinde 4 müňden gowrak adam ýogalýar.

1979-njy ýylyň 1-nji fewraly… Fransiýada sürgün ýaşaýan Aýatulla Humeýniniň Eýrana gaýtmagyna rugsat berilmeginden soň Humeýni Tährana gidýär. Humeýni 14 ýyllyk sürgünden soň Tähranyň howa menzilinde onlarça müň ýarany tarapyndan garşylanýar.

1999-njy ýylyň 1-nji fewraly… Türkiýede “Anadoly Rok” sazynyň esasy wekillerinden biri, sazanda we kompozitor Baryş Manço 56 ýaşynda dünýeden ötýär.

 

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز