• news ID :

    100952

  • /
  • Date :

    2021-09-05

  • Font

Soltan Alparslan 300x169 - Soltan Alparslanyň Syrly GuburyTurkmensNews-  TRT Soltan Alparslanyň ýiten guburynyň ýerleşýän ýeridigi çak edilýän ýere baryp gördi

Seljukly döwletiniň belki hem iň möhüm hökümdarlarynyň biri hem Soltan Alparslandyr. Emma Anadolynyň basyp alyjysy Alparslanyň gubury eýýäm 800 ýyl bäri tapylanok.

Türk we türkmen alymlarynyň hyzmatdaşlyk etmeginde 2013-nji ýylda başladylan gazuw-agtaryş işleri oňaýsyz hadysa sebäpli bes edildi.

TRT-nyň işgärleri Soltan Alparslanyň ýiten guburynyň ýerleşýän ýeridigi çak edilýän ýerine baryp gördi.

Rimiň imperatory Roman Diogeniň goşunlaryny Malazgirt söweşinde derbi-dagyn edip, 1071-nji ýylda Anadoly topraklarynyň gapylaryny türklere açan beýik Soltan Alparslan, 1072-nji ýylda Buharada 2-nji gezek ýeňiş gazandy. Alparslan günäsi geçilmek üçin ýanyna getirilen galanyň serkerdesiniň janyna kas etmegi netijesinde ýogaldy. Soltan Alparslan, wesýetine laýyklykda Seljukly döwletiniň paýtagty Merw şäherinde kakasynyň ýanynda jaýlandy. 1221-nji ýylda Mongollaryň basyp alyşlygynda zyýan ýetmezligi üçin başga ýere göçürilen gubury soň bolsa ýitdi.

Soltan Alparslanyň guburynyň Soltan Sanjaryň aramgähiniň gündogar tarapynda we häzirki wagtda topragyň aşagynda bolan Juma metjidiniň içindedigi çak edilýär. Üç futbol meýdançasy ululygyndaky bu meýdanyň içindedigi pikir edilýän metjit, Mongollaryň basyp alyşlygynda ýumrulypdyr we häzirki wagtda 10-12 metr galyňlygyndaky topragyň aşagyndadygy çak edilýär.

Manas uniwersitediniň rektory Prof.Dr. Alparslan Jeýlan TRT beýanat berdi.

Alparslan Jeýlan: “Soltan Alparslan bilen baglanşykly maglumatlara ser salanymyzda Merw şäherinde jaýlanandygy ikuçsyzdyr. Emma Merw şäherinde Juma metjidinde jaýlanandygy baradaky maglumatlar bolsa täzedir. Wagtyň geçmegi bilen Soltan Alparslanyň jaýlanan ýeri bolan Juma metjidiniň ýeri hem ýitip gidipdir. Taryha altyn harplar bilen ýazylan Soltan Alparslanyň guburynyň ýeriniň tapylmagy maksady bilen 2013-nji ýylda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda şertnama baglaşyldy. Emma oňaýsyz bir hadysa sebäpli şol gazuw-agtaryş işleri başlanyndan gysga wagt soň, gazuw-agtaryş işlerini geçirýän toparyň düzüminde bolan nemes arheologlar gynansagam howa menzilinde Türkmenistana degişli taryhy tapyndylar bilen saklandy. Bu bolsa Türkmenistan tarapyndan erbet hereket hökmünde kabul edildi we gazuw-agtaryş işleri bes edildi. Biziň iň uly arzuwymyz Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda gazanylan we TIKA edarasy tarapyndan goldanýan şol gazuw-agtaryş işleriniň iň gysga wagtda başlamagy iň uly tamamyzdyr” diýip belledi.

Türk we türkmen alymlary işleri ýaňadandan başladyp, Soltan Alparslanyň guburynyň tapylmagynyň Soltana wepalylyk parzlarydygyny beýan edýärler.

Share :
Share :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز