• news ID :

    101848

  • /
  • Date :

    2021-09-28

  • Font

turkmenstan 2 300x169 - Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýäTurkmensNews-  ۱۹۹۱-nji ýylda Garaşsyzlygyna eýe bolan Türkmenistanda Garaşsyzlygyň ۳۰ ýyllyk ýubileýi dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär

Şu gün irden ýurdyň paýtagty Aşgabat şäherinde dabaraly ýöriş geçirildi. Prezident Erdogan hem türkmen liderine gutlag ýüzlenmesini ugratdy.

Çäre birnäçe gün ozal açylyşy ýerine ýetirilen Döwlet Münberiniň dabara meýdançasynda başlady. Dabara ýurdyň Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow bilen birlikde Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäher we welaýat häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Milli senasynyň ýerine ýetirilmegi we baýdagyň münbere çekilmeginden soň Gury ýer güýçleriniň, Harby-howa güýçleriniň we Harby-deňiz güýçleriniň harby batalýonlarynyň gatnaşmagynda dabaraly harby ýöriş geçirildi. Dabarly ýörişe ýurdyň döwlet guramalary hem gatnaşdy. Ondan soň bolsa türkmen lideri özüne sowgat berilen “Garaşsyzlyk” atly Ahalteke atyna münüp, tribunadaky adamlara salam berdi.

Ýurdyň Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi. Gutlag ýüzlenmesinde Türkmenistanyň soňky 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan uly sepgitelere ýetendigini we ýurtda döwrebap şäherleriň gurulandygyny beýan etdi. Demokratik, kanuny we dünýewi döwlet gurmak ýolunda demokratiýanyň özgerdilendigini, iki mejlisli Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň döredilendigini aýan etdi. Türkmen lider Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk hem ösdüriljekdigini belläp, raýatlary Garaşsyzlyk baýramlary bilen gutlady.

Prezident Erdogan hem türkmen liderine gutlag ýüzlenmesini ugradyp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ۳۰ ýyllyk ýubileýini gutlady. Türkmen lideriniň öňbaşçylyk etmeginde Türkmenistanyň sebitde durnukly we asuda merkeze öwrülendigini aýdan Erdogan, Türkmenistana meýilleşdirilen saparyň ýakyn wagtda amala aşyryljakdygyny beýan etdi.

Share :
Share :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز