112775
2022-07-29
TurkmensNews- Bütin türki halklaryň taryhynda özünden söz etdiren Soltan Sanjaryň ýaşaýyş-durmuşyny gün tertibe getirýäris, aramgähini siz üçin wideo aldyk.
Beýik Seljukly Döwletiniň soňky hökümdary Soltan Sanjar, 39 ýylyň dowamynda gündogardan günbatara çenli uzap gidýän beýik bir imperiýany dolandyrdy.
5-6 ýaşynda tagta geçdi. 39 ýylyň dowamynda uly üstünlikler gazandy. Gündogar bilen günbatary birleşdiren ägirt uly imperiýany dolandyran Soltan Sanjar, Beýik Seljukly döwletiniň ähli ugurlar boýunça ösmeginde uly rol oýnady.
Ugur Sami Gezer: TRT-nyň Aşgabat şäherindäki wekili.
Ugur Sami Gezer: “Palçykdan ýasalan kerpijiň galyndylarynyň bolan bu ýer Soltan Sanjaryň ýaşap geçen we döwletiň dolanşyk merkeziniň ýagny, Beýik Seljukly Döwletiniň merkezi bolupdy. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Medeni Miras Sanawynda bolan bu ýer, 1987-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan arheologiki park ýagdaýyna öwrüldi” diýip habar berdi.
Ýogalanyndan soň Beýik Seljukly döwletiniň şan-şöhradyny şöhlelendirjek ýagdaýda gurulmagyny islän aramgäh, halk dilinde “Döwlethana” diýip atlandyrylýar. XII asyryň çäkli şertlerinde 10 ýylda gurulan aramgäh, Seljukly binagärçiliginiň esasy eserleriniň biri hökmünde häsýetlendirilýär.
Annaýew Akmuhammet. Gadymy Merw şäheriniň Ylmy geňeşiniň baş hünärmeni.
Annaýew Akmuhammet: “Aramgähi gurmak wezipesi binagär Muhammed bin Atsyz As-Sarahsa berilýär. Ol hem 5 metr diwaryň galyňlygy bilen daşarydan uzynlygy 27 metr bolan gümmez gurýar. 17 metr diametrli ýyldyz görnüşli gümmez, şol güne çenli gurulan gümmezleriň iň ulusy hökmünde kabul edilýär. Taryhy çeşmelere görä şol döwürde bu aramgähiň 30-35 km uzaklykdan görülýändigini aýdýarlar. Soltan Sanjar 1157-nji ýylda 71 ýaşynda aradan çykýar. Ol şu aramgähde jaýlanýar” diýip habar berdi.
Ençeme wagtyň dowamynda zyýan ýeten aramgäh 2002-2004-nji ýyllar aralygynda türk we türkmen hünärmenleriň hyzmatdaşlygynda TIKA edarasy tarapyndan abatlanýar.
Commets
Last News
19 ژانویه 2025
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
26 نوامبر 2024
Your Comment