• news ID :

    67050

  • /
  • Date :

    2020-01-02

  • Font

2 nji ýanwar 300x169 - Taryhda  2- nji  ýanwarTurkmensNews-  Taryhyň Şu Güni

1951-nji ýylyň 2-nji ýanwary… BMG-niň esaslandyryjylaryndan biri bolan Türkiýe Howpsyzlyk geňeşiniň wagtlaýyn agzalygyna saýlanýar. 1954-1961-nji ýyllaryň aralygynda-da Howpsyzlyk geňeşinde wagtlaýyn agza bolan Türkiýe rekord derejede ses alyp, 2009-2010-njy ýyllaryň aralygynda-da şol wezipäni ýerine ýetirýär.

1975-nji ýylyň 2-nji ýanwary… TRT-ä degişli Türkiýe radiolary TRT1, TRT2 we TRT3 özbaşdak stansiýalardan ýaýlym bermäge başlaýar.

1971-nji ýylyň 2-nji ýanwary… Futbol taryhyna “Ibrox Pajygasy” hökmünde geçen waka Şotlandiýanyň iki sany güýçli futbol kluby Glasgow Ranjers bilen Keltikiň arasynda oýnalan bäsleşikde ýüze çykýar. Bäsleşigiň soňky minudynda janköýerleriň arasynda emele gelen baş-başdaklyk sebäpli 66 adam bogulyp ölýär, 200-den gowrak adam ýaralanýar.

2016-njy ýylyň 2-nji ýanwary… Eýran we Saud Arabystany “Ölüm jezasy” düşnüşmezligi sebäpli ýene-de bir gezek ylalaşmazlyga sezewar bolýarlar. Saud Arabystanynyň 57 ýaşly raýaty şaýy ruhany Aýatulla Nimr Al Bakyr Nimriň resmi Riýad tarapyndan terror jenaýaty sebäpli öldürilmeginden soň Eýranda köp sanly şäherde Saud Arabystanynyň hökümetine garşy ýörişler geçirilýär. Saud Arabystanynyň Tährandaky İkçihanasy demonstrantlar tarapyndan oda berilýär.

 

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز