108572
2022-03-18
TurkmensNews- 19-njy martda Prezident wezipesinden çekiljek Gurbanguly Berdimuhamedow, mundan beýläk Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy wezipesinde işlär
Indi bolsa Gurbanguly Berdimuhamedowyň, wezipe möhledindäki 15 ýyllyk döwürde Türkmenistanda nämeler amala aşyrylandygyna ser salalyň.
Esasy hünäri stomatolog bolan Gurbanguly Berdimuhamedow 1997-nji ýylda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň administrasiýasyna girdi. Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň aradan çykmagyndan soň 2007-nji ýylyň fewral aýynda geçirilen Prezident saýlawynda üstünlik gazandy. 2007-nji, 2012-nji we 2017-nji ýyllarda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanyp 15 ýyl Prezident wezipesinde işledi. Gurbanguly Berdimuhamedowa 2010-njy ýylda türkmen dilinde goragçy, synçy, türkmen halkynyň bil baglaýan manylaryna gelýän Arkadag titul berildi.
Onuň zamanasynda Türkmenistan parahatçylykly syýasat alyp bardy we Bitaraplyk syýasaty ýurduň baş ýörelgesi boldy. Goňşy ýurtlar we esasan hem BMG bilen köptaraplaýyn gatnaşyklar ýola goýuldy. Ilkinji gezek Türki Döwletler Guramasyna synçy ýurt hökmünde agza boldy. Halkara çärelere ýer eýeçiligini etdi. Gazyň mukdary boýunça dünýäde ilkinji 5-lige girýän türkmen gazynyň bazar paýynyň artdyrylmagy üçin iş alyp bardy. Şol sebäpli täze nebit we gaz dolandyryş desgalary guruldy, turba geçirijiler köpeldildi. Türkmen ýangyjynyň Ýewropa ugradylmagy boýunça başlangyçlar edildi. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan tebigy gaz geçiriji turba taslamasynyň gurluşygy we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan liniýasy boýunça optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň geçirilmegi taslamasy durmuşa geçirilmäge başlandy.
Ýurtda öz-özüne ýeterlik ykdysadyýetiň emele getirilmegi maksat edinildi, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýeti 6,2 göterim ösüş etdi. Onuň zamanasynda ýurt doly derejede gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Aşgabat ak mermer şäherine öwrüldi, ýurt derejesinde täze howa menzilleri, awtoýollar, hassahanalar, mekdepler, portlar, ýaşaýyş ýerleri guruldy. Hazar deňiziniň kenarynda Awaza syýahatçylyk zolagy döredildi.
Şol işleriň durmuşa geçirilmegi üçin ençeme türk kärhanasy bilen hyzmatdaşlyk edildi. Iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklar soňky wagtlarda ýygy-ýygydan amala aşyrylan ýokary derejeli saparlar bilen bolsa has hem berkedi. Türkiýe-Türkmenistan gatnaşyklary barada TRT beýanat beren türkmen lider, iki ýurdyň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň esasynda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň bardygyny beýan edipdi we Türkiýe bilen Türkmenistanyň bilelikde gelejege ynamly garaýandygyny habar beripdi.
Wezipe möhledi 2024-nji ýylda dolmaly bolan türkmen lider, ýaş liderleriň döwlet dolanşygyna ýer almalydyklaryny we şol maksat bilen Türkmenistanda saýlawlaryň geçiriljekdigini aýan edipdi. Türkmenistanda 2022-nji ýyl “Halkyň Arkadagly zamanasy” hökmünde yglan edilipdi. 19-njy martda şenbe güni Oguzhan köşgünde kasam edilşik dabarasy geçiriler.
Degişli Habarlar
Commets
Last News
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
26 نوامبر 2024
25 نوامبر 2024
Your Comment