147404
1405-08-18
Turkmen News: 200-e golaý ýurtdan gelen wekiller gazylyp alynýan ýangyçlardan ýüz öwürmek boýunça edilýän tagallalaryň güýçlendirilmegini ara alyp maslahatlaşar.
Ýokary derejeli parnik gazlarynyň zyňyndylary, uruşlar we infilýasiýa ýaly howanyň üýtgemegine garşy göreş tagallalaryna howp salýan halkara kynçylyklaryň dowam edýän günlerinde, 200 ýurduň wekili COP31 howa sammitine gatnaşmak üçin Antalýa şäherine geldi.
Dünýä ýurtlaryň liderleri, sil we aşa yssy howa tolkunlary ýaly tebigy betbagtçylyklar bilen geçen 1 ýyldan soň global ýylylyga garşy göreş meselesini ara alyp maslahatlaşar.
COP31-iň çäginde geçiriljek gepleşiklerde dünýäniň energiýa sarp edilşinde elektrik energiýasynyň paýyny artdyrmak we gazylyp alynýan ýangyçlardan ýüz öwürmek boýunça edilýän tagallalary täzeden güýçlendirjek iş meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşylar.
COP31-iň çäginde geçen ýylky howa konferensiýasyna ýer eýeçiligini edenden soň oktýabr aýynyň ahyrynda gaýtadan wezipesine saýlanan Braziliýanyň Prezidenti Lula da Silwanyň, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýeniň, Hytaýyň Wise-prezidenti Han Çženi we Marşall adalarynyň Prezidenti Hilda Heýnin çykyş etmegine garaşylýar.
ABŞ-nyň ozalky Döwlet sekretary we prezidentiň howa çalşygy boýunça ýörite ilçisi Jon Kerri “Bize söz däl eýsem anyk meýilnama gerek” diýdi.
COP31-iň başlygy we Türkiýäniň Daşky gurşaw, şähergurluşyk we howa çalşygy boýunça ministr Murat Kurum, konferensiýanyň howa çalşygy boýunça iş meýilnamasynyň 2035-nji ýyla çenli zyňyndylary 25-30 göterim azaltmagy maksat edinýändigini aýtdy.
Ministr Murat Kurum howa boýunça borçnamalar erine ýetirilmän halatynda dünýäde sil, tokaý ýangynlary we tupan ýaly aşa howa hadysalarynyň has-da güýçlenjekdigini duýdurdy.
Commets
Last News

18 آبان 1405

09 آبان 1405

07 آبان 1405

16 مهر 1405

12 مهر 1405

