• news ID :

    103586

  • /
  • Date :

    2021-11-09

  • Font

TurkmensNews-  Türkmenistanyň Ykdysadyýeti pandemiýa tapgyryna garamazdan ösüş etdi.Turkmenistan 20 300x169 - Türkmenistanyň Ykdysadyýeti pandemiýa garamazdan ösdi

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň ykdysadyýeti barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň şu ýylyň soňky 10 aýynda Jemi içerki önüminiň 6,2 göterim derejesinde ösendigini habar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň mejlisinde ýurdyň ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýy we ösüşi barada maglumat berdi.

Şol wagt aralygynda Türkmenistandaky jemi önümçilik kuwwadynyň geçen ýylyň şol döwrine garanyňda 5,5 göterim artandygyny mälim etdi. Soňky 10 aýda bölekleýin söwdanyň 16,5 göterim, daşary söwdanyň bolsa 14,6 göterim artandygyny aýan etdi. Ähli maliýe çeşmelerinden peýdalanylan maýa goýumlaryň kuwwadynyň bolsa 22,7 milliard manat bolandygyny beýan etdi. Pandemiýa tapgyryna garamazdan Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösendigini we Jemi içerki önümiň 6,2 göterim derejesinde artandygyny habar berdi.

Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli şu günki güne çenli 66 iri senagat we sosial desganyň gurluşygy tamamlanyp ulanylmaga berildi.

Tükmenistanyň tebigy gazy dünýäde ilkinji 5 ýurdyň hatarynda bolup we Russiýa we Hytaý başda bolmak bilen sebitiň ýurtlaryna uly mukdarda tebigy gaz eksport edilýär.

2022-nji ýylda Kowid-19 bilen bagly ozal girizilen çäklendirmeleriň tapgyrlaýyn häsýetde aýrylmagyndan soň, işleriň kadalaşmagy we ösüş görkezijileriniň dowam etmegi göz öňünde tutulýar.

Ýewropanyň Dikeldiş we galkynyş banky birnäçe gün ozal çap eden habarnamasynda Türkmenistan bilen birlikde Orta Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň hem 2021-nji ýylda ortaça 4,9 göterim ösüş etjekdigini mälim edipdi.

Share :
Share :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز