108055
2022-03-05
TurkmensNews- Türkmenistanda 12-nji martda gelip bilmeýän türkmen saýlawçylar üçin Prezident saýlawlary 2-nji martda başlady.
Türkmen Döwlet habarlar agentligi tarapyndan berilen beýanamma görä, Prezident saýlawynda 9 dalaşgär özara bäsleşýär.
Türkmenistan 12-nji martda öz täze Prezidentini saýlar. Emma şol gün saýlawa gatnaşyp bilmeýän raýatlar üçin bolsa saýlawlar başlady.
Ýurt derejesinde 2577, daşary ýurtlarda bolsa 41 saýlaw merkezi döredildi. Ses bermek işleri irden sagat 08:00-da başlar we agşam sagat 18:00-a çenli dowam eder. Saýlaw ýurdyň öz içindäki synçylar bilen birlikde Garaşsyz Döwlet Arkalaşygynyň synçylary tarapyndan gözegçilik edilýär.
Saýlawda Merkezi Saýlaw Geňeşine ýüz tutan 9 dalaşgär özara bäsleşýär. Şolaryň 3-si partiýalardan, beýleki 6 dalaşgär bolsa raýat toparlary tarapyndan dalaşgär hödürlendi.
Prezident saýlawyna gatnaşýan dalaşgärler: Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Demokrat partiýasyndan, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow Türkmenistanyň Oba hojalyk partiýasyndan, Sadyk gurluşyk ykdysadyýet žurnalynyň başlygy Babamyrat Meredow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan dalaşgär hödürlendi.
Lebap welaýatyndan Perhat Begenjow, Balkan welaýatyndan Berdimyrat Gurbanow, Ahal welaýatyndan Maksatmyrat Öwezgeldiýew, Mary welaýatyndan Kakageldi Saryýew, paýtagt Aşgabat şäherinden Hydyr Nunnaýew, Daşoguz welaýatynda Maksat Ödeşow raýat toparlary tarapyndan dalaşgär hödürlendi.
Dalaşgärler demokratik ýagdaýda saýlawlara gatnaşýarlar, Döwlet telewideniýesinden meýilnamalaryny paýlaşyp bilýärler.
Related posts
Commets
Last News
15 ژانویه 2023
18 دسامبر 2022
02 نوامبر 2022
23 اکتبر 2022
01 اکتبر 2022
Your Comment