• news ID :

    94360

  • /
  • Date :

    2021-05-10

  • Font

ahlihalk yowary turkmenistan 300x197 - Türkmenistanda ählihalk ýowary geçirildiTurkmensNews-  Türkmenistanda daşky gurşaw arassaçylygy we bag ekmek bilen bagly ählihalk ýowary geçirildi

Birnäçe gün ozal Türkmenistanda ýurt derejesinde daşky gurşaw arassaçylygy we bag ekmek bilen bagly ählihalk ýowary geçirildi. Bahar paslynda geçirilen bu çärä Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Türkmenistanda daşky gurşawy we tebigaty goramak bilen bagly işlere uly ähmiýet berilýär. Çagalara ir ýaşlaryndan başlap daşky gurşawy aýawly saklamagy öwretmek üçin ýörite dersler geçirilýär. Raýatlaryň arasynda daşky gurşaw arassaçylygy, tebigyty goramak we habarlylygy artdyrmak boýunça giň-gerimli çäreler geçirilýär.

Şol çäreleriň biri hem geçen birnäçe gün ozal Aşgabat şäherinde geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen birlikde Minstrler kabinetiniň mejlisiniň agzalary, ministrler we uniwersitetden talyplar gatnaşdylar. Tebigat bahar paslynyň täsiri bilen ýaşyl reňke bürenen mahaly seýilgählerde, meýdanlarda we bakjalarda ideg işleri geçirildi. Umumy ýaşaýyş zolaklarynyň arassaçylygy, tebigy çeşmeleriň aýawly saklanmagy we gaýtadan ulanmak ýaly ugurlara ünsler çekildi. Bag ekmek we ideg işleriniň geçirilmeginiň çäginde ençeme ýaş nahal oturdyldy.

Ählihalk ýowaryna çykan ençeme adam seýilgählerde arassaçylyk we ideg işlerine gatnaşdylar. Ýakymly we akýürekli atmosferada geçen çäre, geljek nesillere ýaşap boljak bir daşky gurşawyň agtarylmagy we tebigatyň goralmagy bilen bagly dilegler bilen tamam boldy.

Share :
Share :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز