• news ID :

    108372

  • /
  • Date :

    2022-03-12

  • Font

Turkmenistan 22 300x169 - Türkmenistan Döwlet baştutanyny saýlaýarTurkmensNews-  Türkmenistanda Prezident saýlawy geçirilýär.

Türkmenistanda 1 aý dowam eden saýlaw marafony şu gün tamam boldy we Türkmenistanyň raýatlary konstitutsion hukuklaryny ulanyp, 9 dalaşgäriň arasynda Döwlet baştutanyny saýlaýar.

Ýokary howpsuzlyk çäreleriniň astynda geçirilýän saýlawlar halkara synçylar tarapyndan gözegçilik edilýär.

Saýlawlar ýurdyň içinde 2618 saýlaw merkezinde we daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarda döredilen 41 saýlaw merkezinde geçirilýär.

Saýlawda Merkezi Saýlaw Geňeşine ýüz tutan 9 dalaşgär özara bäsleşýär. Şolaryň 3-si partiýalardan, beýleki 6 dalaşgär bolsa raýat toparlary tarapyndan dalaşgär hödürlendi.

Prezident saýlawyna gatnaşýan dalaşgärler: Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Demokrat partiýasyndan, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow Türkmenistanyň Oba hojalyk partiýasyndan, Sadyk gurluşyk ykdysadyýet žurnalynyň başlygy Babamyrat Meredow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan dalaşgär hödürlendi.

Lebap welaýatyndan Perhat Begenjow, Balkan welaýatyndan Berdimyrat Gurbanow, Ahal welaýatyndan Maksatmyrat Öwezgeldiýew,  Mary welaýatyndan Kakageldi Saryýew, paýtagt Aşgabat şäherinden Hydyr Nunnaýew, Daşoguz welaýatynda Maksat Ödeşow raýat toparlary tarapyndan dalaşgär hödürlendi.

Saýlaw tapgyrynda ähli dalaşgärleriň deň hukuklara eýe bolmak bilen birlikde dalaşgärler demokratik häsýetde saýlawçylar bilen duşuşyklar geçirdiler we döwlet telewideniýe kanallarynyň üsti bilen meýilnamalaryny paýlaşdylar.

Hökümediň başyndaky Türkmenistanyň Demokrat partiýasyndan dalaşgär hödürlenen Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow ses bermek işlerine maşgalasy bilen bilelikde gatnaşdy.

TRT World kanalynyň işgäri Rümeýsa Çodaryň saýlawda üstün çykan halatynda Türkmenistandaky maýa goýumlaryň haýsy ugur bolýunça şekillenjekdigi bilen bagly soraga jogap berdi.

Türkmenistanda maýa goýumlaryň dowam etjekdigini, potratçylyk mümkinçilikleriň artdyryljakdygyny we Türkmenistanyň sosial we ykdysdy galkynyşynyň dowam etjekdigini aýdan Serdar Berdimuhamedow, mundan başgada Türkmenistanyň parahatçylykly bir ýurtdygyny, dostlukly, gowy goňşuçylyk gatnaşyklarynyň özgerdilmeginiň daşary syýasatyň ileri tutulýan ugruny emele getiýändigini beýan etdi.

Prezident saýlawynda üstün çykan halatynda Respublikasnyň Bitaraplyk syýasatyny dowam etdirjekdigini, BMG başda bolmak bilen halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny berkitjekdigni beýan etdi.

Saýlaw aralarynda Türki Döwletler guramasy, Garaşsyz Döwletler arkalaşygy, Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy we Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasy ýaly guramalardan jemi 50-den gowrak halkara synçy tarapyndan gözegçilik edilýär.

Saýlawyň netijesi 13-nji martda ýekşenbe güni aýan ediler. Türkmenistanda Prezident wezipesine saýlanan dalaşgär 19-njy mart şenbe güni Oguzhan köşgünde wezipä başlamak dabarasy geçiriler.

Share :
Share :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز