104822
2021-12-09
Resmi sapar bilen Türkmenistana giden Prezident R. T. Erdogan, Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan dabaraly ýagdaýda garşylandy.
Paýtagt Aşgabatda Oguzhan köşgünde geçirlen resmi garşylama dabarasyndan soň Erdogan bilen Berdimuhamedow özara duşuşyk geçirdi.
Toparara gepleşiklerden soň iki lider şertnamalar bukjasyna gol çekişlik dabarasyna gatnaşdy.
Erdogan bilen Berdimuhamedow soň bolsa metbugata beýannama berdi.
Prezident Erdogan beýannamasynda “Ata ýurdumyz Türkmenistana gelmekden bagtyýar. Pursatdan peýdalanyp Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlaýaryn. Doganlyk gatnaşyklarymyzyň çäginde Türkmenistanyň üstünlikli dowam etdirýän bitraplyk statusyna goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.
Prezident Erdogan, “Şu gün baglaşylan şertnamalar bilen birlikde doganlyk ýurt Türkmenistan bilen edýän gatnaşyklarymyzy has-da güýçlendirdik. Söwda mukdarymyzy 5 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýäris” diýdi.
Prezident Erdogan Türkmenistana guraýan saparynyň ikinji günde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler sammitine gatnaşar.
Degişli Habarlar
Commets
Last News
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
26 نوامبر 2024
25 نوامبر 2024
Your Comment