97137
2021-06-22
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Antoniu Guterrişe onuň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny iberdi.
Döwlet Baştutany Gutlag hatynda Türkmenistanyň halkynyň we hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan BMG-niň Baş sekretaryna üstünlikleri arzuw etdi.
«Türkmenistan häzirki wagtda halkara durmuşyň ähli wajyp ugurlaryny öz içine alýan Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýlan gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýär» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.
Döwlet Baştutany Birleşen Milletler Guramasynyň häzirki wagtda deňhukuklylyk ýörelgesine we halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda ählumumy meseleleri çözmekde, dünýä tertibini üpjün etmekde, döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli, öňdebaryjy halkara edara hökmünde çykyş edýändigini belledi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Antoniu Guterrişiň BMG-niň Baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen geljekde hem bu guramanyň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözülmeginde onuň ornunyň güýçlenmegine, şeýle hem Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Türkmen döwletiniň Baştutany BMG-niň Baş sekretaryna jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de jogapkärli wezipesinde täze üstünlikleri gazanmak baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Seýed Ebrahim Raise hem Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollady.
«Türkmenistan bilen goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda emele gelen ýakyn gatnaşyklar özüniň köpugurlylygy bilen tapawutlanýar. Biz dost-doganlygyň we özara hormat goýmagyň baý tejribesine esaslanýan bu gatnaşyklarymyzyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýarys» diýip, Döwlet Baştutany gutlagynda belleýär.
Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Seýed Ebrahim Raise tüýs ýürekden hemişe berk jan saglyk, Eýranyň doganlyk halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Degişli Habarlar
Commets
Last News
19 ژانویه 2025
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
26 نوامبر 2024
Your Comment