• news ID :

    111444

  • /
  • Date :

    2022-06-15

  • Font

3514790 300x170 - Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Türkmenistanyň prezidenti bilen duşuşanda: Gatnaşyklary çuňlaşdyrmak iki ýurduň bähbidinedirTURKMENSNEWS- Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri, Türkmenistanyň prezidenti bilen bolan duşuşygynda gatnaşyklaryň çuňlaşmagyny iki ýurduň bähbidine hasapladylar.

Ýokary lideriň metbugat merkeziniň we maglumat beriň bazasynyň yglan etmegine görä, Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri “Aýatolla Hameneýi Hezretleri” şu gün (çarşenbe) Türkmenistanyň prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow we onuň ýanyndaky delegasiýa bilen bolan duşuşygynda gatnaşyklaryň giňelmegini we çuňlaşmagyny iki ýurduň bähbidine bolup biljekdigini nygtamak bilen Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň syýasaty goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary giňeltmekden ybarat we bu syýasatyň düýbünden dogrydygyny aýtdylar.

Hezretleri şeýle-de Päsgelçiliklerden geçmegiň iki ýurduň gatnaşyklary giňeltmek baradaky çynlakaý kararyna baglydygyny aýtmak bilen elbetde, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň sebitleýin we halkara garşydaşlary bardyr, ýöne päsgelçilikleri ýeňip geçmelidiris diýip beýan etdiler.

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy şeýle-de: Iki ýurduň arasyndaky Bilelikdäki Hyzmatdaşlyk Komissiýasynyň çynlakaý işjeň bolmalydygyna yşarat edip şertnamalar yzygiderli yzarlamalar bilen netije ýetmelidirler diýip sözlerine goşdylar.

Eýranyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisiniň hem gatnaşan bu ýygnagynda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen hökümetiniň ileri tutýan ugurlary goňşulary bilen gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr we şu gün gol çekilen resminamalara laýyklykda iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça, esasanam gaz, elektrik we ýük, şeýle hem iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýaly gowy gatnaşyklary has-da berkitmek üçin işleýäris diýdi.

Türkmenistanyň prezidenti iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň 30 ýyllygyna yşarat edip Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysyna ýüzlenip: Özümiň we Türkmenistanyň halkynyň adyndan, Eýran-Türkmenistanyň gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda siz alyjenaplaryň alyp barýan goldawyňyz üçin sag bolsun aýdýaryn diýdi.

Share :
Share :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز