• news ID :

    38022

  • /
  • Date :

    2018-10-14

  • Font

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 14o 300x169 - Türkmenbaşydaky täze port doly güýjünde işlemeýär – BerdimuhamedowTurkmensNews-  Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji oktýabrdaky hökümet maslahatynda Döwlet deňiz we derýalar transporty gullugynyň işini tankytlady, ýagny onuň ýük daşamak babatynda göz öňünde tutulan işleri amala aşyrmaýndygyny aýtdy

TDH-nyň döwlet baştutanyny sözlerine salgylanyp habar bermegine görä, Türkmenbaşy şäherinde täzelikde ulanmaga berlen halkara deňiz porty doly kuwwatynda işlemeýär. Bu ýagdaýy düzetmek barada wise-premýer Mämmethan Çakyýewe tabşyryk berildi.

Ýatladýarys, prezident 11-nji awgustda Türkmenbaşyda 2-nji maýda açylan halkara deňiz portunyň işini barlady. Döwlet telewideniýesiniň reportažyndaky kadrlardan görnüşine görä, port durşuna haňlap, boş ýatyr, ol ýerde hiç bir iş alnyp barylmaýar. Wise-premýer Çakyýew 14-nji sentýabrda prezidente portuň işi barada hasabat berdi we gämi gurluşyk zawodynda üç gäminiň bejerilýändigini aýtdy. 2018-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenbaşy şäherinde dabaraly ýagdaýda täze Halkara deňiz porty açyldy. Portuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan gurnalan dabaraly çärä halkara guramalarynyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet edaralarynyň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de daşary ýurt we milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

2013-nji ýylda başy başlanan we şu gün tamamlanan Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň gurluşygy Türkmenistanyň deňiz flotynyň ösüşiniň wajyp bölegi boldy.

Täze port 152 gektara barabar meýdany eýeleýär we parom, ýolagçy we ýük terminallaryny öz içine alýar. Bir wagta 17 gämä hyzmat etmäge mümkinçiligi bolan gämi duralgalarynyň umumy uzynlygy 1800 metre barabardyr. Portuň ýylda 300 müň ýolagça, 75 müň ýük ulaglaryna hyzmat etmäge, 400 müň konteýnerleri işläp taýýarlamaga mümkinçiligi bar. Täze portuň ýük geçirijilik ukyby, nebit önümlerini hasaba almazdan 17 million tonna barabardyr.

Portuň ulgamynda “Balkan” gämi gurujy we gämi bejeriji zawody gurulan. Ýylda 12 müň tonna polady gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bolan bu kärhana, 4 sany gämini gurmaga we 20 sany gämini bejermäge gönükdirilendir.

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز