120032
2023-05-15
TurkmensNews- Türkmenistanyň prezidenti Täjigistanyň prezidenti bilen duşuşygynda şeýle diýdi: “Aşgabat Täjigistan tarapynyň Hazar deňzine täjirçilik taýdan girmegi üçin iki ýurduň hyzmatdaşlygy bilen ulag geçelgesini döretmäge taýýardyr.
IRNA habar gullugy “Bitarap Türkmenistan” döwlet gazetine salgylanyp, Türkmenistan Respublikasynyň Prezidenti “Serdar Bardimuhamedow” Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti “Imomaly Rahmon” bilen duşuşygynda täjirçilik aragatnaşyklary üçin Hazar deňzindäki Türkmenbaşy portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyny Duşenbe döwletine teklip etdi.
.Bardimuhamedow sözüniň dowamynda “Ulag iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ilkinji ileri tutulýan ugry we Aziýada, Ýewropada we Ortagündogarda transport ulgamlarynyň bitewiligini kepillendirýän güýçli we döwrebap infrastrukturany döretmäge gönükdirilmelidir” diýdi.
Deňize gönüden-göni girip bilmeýän Merkezi Aziýa ýurtlary, Gündogar Kaspiniň port desgalaryndan dünýä bazarlaryna çykmak üçin peýdalanmalydyrlar diiýp Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Täjigistan Respublikasynyň prezidenti ymomalyi Rahmon hem bu duşuşykda Iki tarap hem iki ýurduň çäginde awtoulag we demir ýol gatnawlarynyň mukdaryny artdyrmak isleýär diýip yglan etdi.
Degişli Habarlar
Commets
Last News
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
26 نوامبر 2024
25 نوامبر 2024
Your Comment