Date : Tuesday, 18 September , 2018

تامدیرا دوتار تورکمن عکس, dutarTurkmensNews- Şabram, şelpe, gyruw we ş. m. dürli kakuwlar bilen çalynýan iki kirişli türkmen halk saz guraly. Ol “tamdyra” diýlip hem atlandyrylýar. Bu senediň susak şekilli kädisi tut, hoz, erik ýaly berk agaçlardan köwlüp ýasalýar.

Dutaryň kädisine erik agajyndan ýasalan 45—۵۰ sm uzynlykdaky sap oturdylýar we onda dürli ses berýän 13 sany perde hem-de kirişleriň düzülişini üýtgedip durar ýaly 2 sany gulak ýerleşdirilýär. Onuň kirişleri kwarta düzülýär we diapazony bolsa «mi»—kiçi oktawadan, «do»—ikinji oktawa çenli aralykda bolýar. Ol keplenç ýekelikde çalynmak hem-de toýlarda bagşynyň ýanynda sazandalyk etmek üçin niýetlenendir.

دوتار تامدیرا سازاندا تورکمن 300x200 - dutar

Bu saz guraly Orta Aziýa we başga käbir doganlyk halklaryň arasynda giňden ýaýrapdyr. Ýöne onuň ýasalyşynda, perdeleriň ölçeg sanynda we ş.m.-de her bir halkyň milli öwüşginini alamatlandyrýan tapawutlar bar. Döreýiş taryhy boýunça ol has gadymy döwürlere aralaşýar. Sowet häkimiýeti ýyllary içinde dutar has kämilleşdirildi, onuň dürli tembrli görnüşleri oýlanyp tapyldy. Indi onuň öňki çig ýüpekden işilýän kirşi güýçli ses berýän inçe hem örän suwly metal sim bilen çalşyryldy. Bu senediň kämilleşdirilmeginde hem-de ösdürilmeginde Mämmetmyrat ussa, Pürli ussa, Geldi Ugurlyýew we başgalar öz döredijilik ussatlyklaryny görkezen ussalardyr.

Tamdira Dutar

Aly bagşy, Garaoglan, Garadäli gökleň, Gulgeldi sazanda, Gönübeg, Kel bagşy, Şükür bagşy, Sary bagşy, Oraz Salyr, Mylly Täçmyradow, Pürli Saryýew, Sahy Jepbarow ýaly görnükli bagşy-sazandalar bu jadyly senet bilen halkyň asyrlar boýy döreden edebi miraslaryny, saz eserlerini timarlap, biziň günlerimize çenli ýetirip gelen sungat ussatlarydyr.Gündogara syýahat eden Ýewropa hem-de rus alymlarynyň ençemesi bu näzik owazly saz guralynyň özboluşlu aýratynlygy, onuň güýji, gudraty hakynda täsirli ýazgylar galdyrypdyrlar.

دوتار تورکمن عکس 300x200 - dutar

Türkmen milli saz sungtynyň kämilleşmegi bilen dutaryň saz sungatynda ulanylyş gerimi has-da artdyryldy, dürli ýerlerde dutarçylar ansamblary, orkestrler döredildi.

Habarlar

dutar

Türkmenistan Hazar deňiziň çäginde söwda gatnaşyklaryň ösdürilmeg...

Zarif: Türkiýäniň resmleri bilen geçirlen gepleşikler netijeli bo...

Ruhani: jogäpkärçilik Eýran resmileriniň gowy ýeridir

Gahary ýuwutmak

Gurbanlygyň sogaby

Putiniň Berdimuhamedow bilen geçiren näbelli gepleşigi

Türkmenistanlylar Gurbanlykda üç gün dynç alarlar

Çagany ýatyrmak üçin 10 usul

Amerikanyň Eýrana garşy gadaganlyklary peýdasyz işdir

Türkmenyn Adı ve Tarihi

gözdegme bilen doganyň dogrulygy

Gasemi: Pompeonyň sözleri Amerikanyň ejizliginiň alamatydyr

Eýran milleti zor aýdylmagyna berk gaýtawul berjekdir

larijani: Amerika bilen sionist režimi sebit durnuksyzlygynyň oja...

Zarif:ýadro ylalaşygynda Eýran Ýewropa garaşyp durmaz

Tramp NATO guramasyndan çykmak bilen haýbat atdy

Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek maslahatlaş...

ýewropalylar ýadro ylalaşygy baradaky yradasyny amala döndermelid...

Eýranyň üç güýjiniň başlyklary Amerikanyň haýbat atmlaryna garşy ...

propaganda

© All Right Reserved by Turkmens News

UP