ترکمن نیوز

AŞGABAT 300x169 - ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSY AŞGABAT JEMLEÝJI RESMINAMASYNYŇ KABUL EDILMEGINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRDITurkmensNews-  ۲۰۲۱-nji ýylyň ۸-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd brifing geçirdi.

 

 Brifingiň esasy temasy, geçen ýylyň ۱۲-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat jemleýji resminamasy boldy. Mälim bolşy ýaly, bu resminama BMG-niň Baş Assambleýasynyň ۷۵-nji mejlisiniň hem-de Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.

Çärä türkmen diplomatlary we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary gatnaşdylar.

N.Drozd çykyşynyň başynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň ۲۵ ýyllygynyň bellenilip geçilen ýylyň möhüm wakalara baý bolandygyny nygtap geçdi.

Ol bitaraplyk derejesiniň syýasy, ykdysady we ynsanperwer taraplarynyň sebit hem-de global howpsuzlygy hem-de durnuklylygy berkitmekde möhümdigini aýtdy. Bu nukdaýnazardan, hanym Drozd bitaraplyk düşünjesini ösdürmäge, şeýle hem parahatçylygyň we özara düşünişmegiň goralmagyna gönükdirilen halkara tagallalarynda bitaraplygyň wajyplygyny öňe sürýän Aşgabat jemleýji resminamasynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Şeýle hem N.Drozd bu resminamanyň ÝHHG-nyň esasy düzüm böleklerinden biri bolan öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň işjeň ulanylmagyny talap edýändigini nygtady. Şu nukdaýnazardan, Guramanyň Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýanyň ýörelgelerine ygrarlydygyny belläp geçdi.

«Aşgabat resminamasynyň parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin Bitaraplyk dostlarynyň toparynyň döredilmegini goldaýandygyny aýratyn bellemelidiris. Türkmenistanyň Hökümetiniň bu başlangyjy aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar, çünki bu Topar halkara syýasy hyzmatdaşlygy gowulandyrmak üçin bitaraplygyň mümkinçiliklerini ulanmak boýunça deň gepleşikleri dowam etdirmek üçin täsirli platforma bolup hyzmat eder» – diýip N.Drozd belledi. Şeýle hem bu resminamanyň mundan beýläk hem bilelikdäki işler babatynda gönükdiriji bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Brifingiň dowamynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygy BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň aýratyn ähmiýetini nygtady. «Türkmenistan bu Kararnamany durmuşa geçirmek arkaly, parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen global tagallalara itergi bermek maksady bilen, bitaraplyk derejesini ulanmak babatyndaky borçnamasyna ygrarlydygyny tassyklady. Bu Kararnama häzirki zamanyň global howpsuzlygyna abanýan howplara garşy göreşmek nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar» – diýip belledi.

 

تاریخ و زمان خبر

09

01

2021

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda