ترکمن نیوز

TÜRKMENISTANYŇ 300x169 - TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DUŞUŞYK GEÇIRILDITurkmensNews-  ۲۰۲۰-nji ýylyň ۱۴-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda duşuşyk geçirildi. Oňa daşary sýyasy edarasynyň ýolbaşçylary we ygtyýarly işgärleri, ilçiler – Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky missiýalaryň hem-de konsullyk edaralarynyň baştutanlary gatnaşdylar.

Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň ۱۱-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň diplomatik korpusyna beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de türkmen diplomatlary döwlet baştutanynyň ۲۰۲۰-nji ýylyň ۱۲-nji dekabrynda Aşgabat şaherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ۲۵ ýyllygy mynasybetli geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatynda öňe süren teklipleriniň we başlangyçlarynyň iş üstünde durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine garadylar.

تاریخ و زمان خبر

15

12

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda