• news ID :

    44944

  • /
  • Date :

    2019-02-05

  • Font

4bpwe43b44d6071bv9v 800C450 300x179 - Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasyTurkmens- Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu ýurdy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny tassyklady

.

Bu strategik resminamanyň kabul edilmegi bilen Türkmenistanyň prezidentiniň köpugurly özgertmelerini amala aşyrmagyň, halk hojalygynyň pudaklaryny hem-de döwlet dolandyrylyşynyň ähli ulgamlaryny düzüm taýdan mundan beýläk-de täzeden guramagyň nobatdaky tapgyry başlandy.

Maksatnamanyň taýýarlanylmagy hökümetiň mejlislerinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň wise-premýerler bilen geçiren maslahatlarynda yzygiderli ara alnyp maslahatlaşyldy. Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň we sanly ulgama geçirmegiň wezipeleri, ösüşiň ugurlary hem-de depginli ösüşiň ulgamlaryny kesgitlemek nazara alnyp, onuň esasy ugurlarynyň üstünde giňişleýin işlenildi. Bular türkmen halkynyň hal-ýagdaýynyň we ýaşaýyş-durmuşynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, Türkmenistanyň gülläp ösmegini üpjün etmäge hem-de ony kuwwatly döwletleriň hataryna çykarmaga gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Lideri döwrebaplaşdyrmak, halkara derejesinde özara goşulyşmak we dünýä söwdasynyň ýagdaýlary babatda bazar ykdysadyýetiniň edaralarynyň kämilleşdirilmegine ünsi jemleýär.

Ösüşiň innowasion nusgalaryny döretmek boýunça Türkmenistanyň döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellän ugurlary, beren görkezmeleri hem-de tabşyryklary ýakyn ýedi ýyl üçin anyk çäreleriň toplumlaýyn hem-de sazlaşykly maksatnamasyny düzmekde ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň häkimlikleri üçin ugur görkeziji bolup hyzmat etdi.

Bellenen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 2019-njy ýylda 6,3 göterime, 2025-nji ýylda bolsa 8,2 göterime ýetirilmegi göz öňünde tutuldy. Şol döwre çenli jemi içerki önümiň düzüminde senagat pudagynyň tutýan paýy 33,8 göterime, oba hojalyk pudagynyňky 8,9 göterime, gurluşyk pudagynyňky 11,5 göterime we hyzmatlar ulgamynyňky 45,8 göterime deň bolar.

Sanly ykdysadyýetiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, önümçiligiň depginli ösüşi täze ýokary sepgitlere çykmaga mümkinçilik berer, ähli pudaklaryň kämilleşdirilmegi, dünýäniň iň oňat tejribesini, öňdebaryjy ylmy pikirleri we innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen, şolaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy arkaly üpjün ediler.

Türkmenistanyň senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň güýçlendirilmegi, önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyň artdyrylmagy, milli nyşanly önümleriň görnüşleriniň giňeldilmegi ýerli çig mal serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmagyň hasabyna, şolary gaýtadan düýpli işlemek hem-de ýokary goşulan bahany döretmek arkaly üpjün ediler. Şunda diňe bir daşyndan getirilýän harytlardan hil babatynda pes bolmadyk ýokary hilli önümleriň öndürilmegi ileri tutulmalydyr.

Ýediýyllyk maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyny, ýurdumyzyň ägirt uly tebigy baýlyklary, şeýle hem çäk mümkinçilikleri, geosyýasy ýagdaýlary bilen şertlendirilen heniz ulanylmadyk mümkinçilikleriniň hem-de artykmaçlyklarynyň herekete girizilmegi, bazar gatnaşyklary şertlerinde hereketlendiriji güýç hökmünde telekeçileriň bu işlere işjeň çekilmegini talap edýär. Bu ugurda ýurdumyzyň sebitlerini hem-de serhetdeş döwletleri birleşdirýän ýörite ykdysady zolaklaryň hem-de ykdysady geçelgeleriň, daşary ýurt bazarlaryna çykmaga mümkinçiligi bolan ösen ulag-logistika düzümli senagat ulgamlarynyň we senagat toplumlarynyň ösdürilmegine ýardam eder.

2019 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň maýa goýumlaryna esasy serişdeler 229,3 milliard manat möçberinde meýilleşdirildi. Şonuň 91,3 göterimi ýa-da 209,2 milliard manady önümçilik ulgamyna gönükdiriler, bu bolsa täze kärhanalaryň hem-de iş orunlarynyň döredilmegini höweslendirer

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز