ترکمن نیوز

Sputnik V 300x169 - Türkmenistan Merkezi Aziýada «Sputnik V» sanjymyny bellige alan ilkinji döwlet boldyTurkmensNews-  ۲۰۲۱-nji ýylyň ۱۸-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi.

Göni maýa goýumlaryň rus gaznasynyň (GMRG) baş direktory Kirill Dmitriýew «Türkmenistan Merkezi Aziýada «Sputnik V» sanjymynyň ulanylyşyny resmi taýdan makullan ilkinji ýurt boldy. Hyzmatdaşlarymyz sanjymyň howpsuzlygyna we netijeliligine ýokary baha berdiler, çünki ol bu günki günde koronawirusa garşy göreşmegiň dünýä derejesindäki öňdebaryjy serişdeleriň biri bolup durýar we şol bir wagtda hem ol eýýäm dünýäniň dürli sebitleriniň döwlet häkimýetleri tarapyndan makullanyldy. Biz adamyň adenowirus ugrunyň içgin öwrenilen platformasynyň esasynda döredilen hem-de degişli barlaglardan geçen «Sputnik V» serişdesi bilen ilata sanjym geçirilmeginiň koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almagyň derwaýys elementleriniň biri bolup durýandygyna ynanýarys», diýip belläp geçdi.

Bu günki günde «Sputnik V» sanjymy dünýäniň ۱۰-dan gowrak ýurtlarynda ulanmak üçin makullanylandyr.

 

تاریخ و زمان خبر

20

01

2021

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda