ترکمن نیوز

300x168 - Şuşa Şäheri Azerbaýjanyň Medeni Paýtagty Hökmünde Yglan EdildiTurkmensNews-  Ilham Aliýew, Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edilen Şuşa şäherini ýurduň medeni paýtagty hökmünde yglan edendigini aýtdy

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edilen Şuşa şäherini ýurduň medeni paýtagty hökmünde yglan edendigini aýtdy.

Ilham Aliýew, Medeniýet ministrligi Anar Kerimow bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirdi.

Azerbaýjanyň baý medeniýete eýedigini ýatladan Prezident Aliýew, ministr Kerimowa medeniýetiň we diliň goralyp saklanmagy üçin görkezmeler berdi.

Aliýew, Ermenistanyň basyp alyşlygy ýyllarynda 60-dan gowrak metjidiň ýykylandygyna ünsi çekdi.

Aliýew “Halkara guramalaryň hiç biri bu meselede Ermenistany ýazgarmady. Biz bolsa ermeni buthanalaryny goraýarys. Biziň ermeni halky bilen hiç hili kynçylygymyz ýok we Azerbaýjanda ýaşaýan ermeniler biziň raýatlarymyz” diýdi.

Esasy wezipeleriniň ermeniler tarapyndan ýykylan taryhy we medeni ýerleri aslyna laýyklykda dikeltmekdigini nygtan Aliýew, “Şuşany Azerbaýjanyň medeni paýtagty hökmünde yglan edýäris. Şuşa şäheri diňe Azerbaýjanyň däl eýsem sebitiň medeni paýtagty bolup biler” diýip belledi.

Azerbaýjanyň taryhy we medeni simwolaryndan biri bolmak bilen birlikde geografik ýerleşişi taýdan Daglyk Garabagyň iň uly şäheri Hankendä tarap gidýän ýoluň ugrunda ýerleşýändigi sebäpli strategiýa taýdan uly rol oýnaýan Şuşa, 1992-nji ýylyň ۸-nji maýynda ermeni güýçleri tarapyndan basylyp alnypdy.

Azerbaýjanyň goşunlary 8-nji noýabrda Şuşany basyp alyşlykdan halas etdi.

تاریخ و زمان خبر

06

01

2021

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda