ترکمن نیوز

4bvgc8732912451seqq 800C450 1 300x169 - Özbegistan bilen Türkmenistanyň prezidentleriniň arasynda geňeşmelerTurkmensnews- Özbegistanyň we Türkmenistanyň prezidentleri sebitdäki soňky wakalara we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga syn berdiler.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, “Şaukat Mirziýýow” sişenbe güni “Gurbanguly Berdymuhamedow” bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň ۲۵ ýyllygynyň geçendigini aýtmak bilen bu mesele, dünýäniň parahatçylygyny we howpsuzlygyny goramak maksady bilen bu ýurduň parahatçylyk we dostluk syýasatyny görkezýär diýdi.

Berdimuhamedow hem, Türkmenistanyň Özbegistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklardan diýseň hoşaldygyny we ýakyn goňşusy we ygtybarly hyzmatdaşy bilen umumy hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy.

Iki tarap türkmen-özbek söwdasyny, ykdysady, gumanitar we medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanmany nygtadylar.

تاریخ و زمان خبر

23

12

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda