• news ID :

    22446

  • /
  • Date :

    2018-06-07

  • Font

G.Berdimuhamedow 300x169 - “Metbugata ýörite bilimi bolan hünärli adamlar ýolbaşçylyk etmeli”:G.BerdimuhamedowTurkmensNews- Medeniýet we metbugat boýunça wise-premýer Bahargül Abdyýewa metbugat işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat bereninden üç hepde soň, Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow olaryň işinden ýene-de nägileligini bildirdi.

türkmenistanyň prezidenti geçiren hökümet maslahatynyň dowamynda “sportuň milli görnüşlerini wagyz etmek, ýurduň gazanan sport üstünliklerini giňden beýan etmek üçin” döredilen “Sport” we “Ýaşlyk” telekanallarynyň işini tankyt etdi.

Onuň sözlerine görä, bu telekanallaryň ikisi hem öňlerinde goýlan wezipäniň hötdesinden gelmeýärler. Döwlet baştutany Abdyýewadan “bu we beýleki telekanallaryň ýolbaşçylyk meselesine üns bermegini talap etdi.Olaryň başynda öz işi boýunça ýörite bilimi we bu pudakda iş tejribesi bolan adamlaryň” durmalydygyny aýtdy.

Soňra prezident A.Aşyrowy “Aşgabat” telekanalynyň direktory wezipesinden boşadyp, Döwlet habar agentliginiň başlygynyň orunbasarlygyna belledi. Ýokarda agzalan telekenala M.Rejebow başlyk bellendi.

Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasarlygyna Ý.Türşekow bellendi.

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň çaphana merkeziniň başlyklygyna B.Bäşimow bellendi. Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygynyň orunbasary N.Iýabergenow bu Merkeziň başlygy wezipesini waglaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

Türkmenistanyň prezidenti şu ýylyň dowamynda “Türkmenistanyň KHBS-niň ýurduň gazanan üstünliklerini doly möçberde beýan etmezliginden” nägile bolýar.

Medeniýet we metbugat boýunça wise-premýer Bahargül Abdyýewa 4-nji maýda geçirilen hökümet mejlisinde döwlet baştutanyna “habar serişdelerinde ýurduň gazananlaryny beýan etmek, gerimli özgertmeleriň maksadyny düşündirmek boýunça iş geçirilendigini” habar berdi.

Türkmen žurnalistleri üçin hünär derjelerini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli trenenginler geçirilýär. Bu hili tälim okuwlary ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndna hem gurnalýar.

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز