92694
2021-04-06
Turkmensnews- Eýranyň Daşary işler ministri Özbegistanyň prezidenti bilen duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň giňelmegi barada pikir alyşdy.
Özbeg resmileri bilen duşuşmak üçin Daşkende bolýan Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif duşenbe güni Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyp, özara gyzyklanýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.
Zarif bu duşuşykda iki ýurduň arasyndaky dürli syýasy, ykdysady we medeni ugurlardaky soňky wakalary açyklap Eýranyň, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk pudagynda bar bolan giň mümkinçilikleriň çäginde Özbegistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Özbegistanyň prezidenti hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhümdigini we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny aýtmak bilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komissiýanyň on dördünji tapgyrynyň gysga wagtyň içinde geçirilmegini nygtady.
Bu duşuşykda ikitaraplaýyn meselelerden başga-da Owganystandaky parahatçylyk etabynda bolup geçen wakalar we iki ýurduň halkara örisindäki hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Degişli Habarlar
Commets
Last News
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
26 نوامبر 2024
25 نوامبر 2024
Your Comment