92760
2021-04-08
Turkmensnews- Eýranyň Daşary işler ministri we Gazagystanyň prezidenti ýadro ylalaşygyň özgerişlerini, Owganystandaky parahatçylyk prosesi, Astana we Sika meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Çarşenbe güni IRNA-nyň habaryna görä, Gazagystanyň resmileri bilen pikir alyşmak üçin Nursultanda bolan Muhammet Jawad Zarif Gazagystanyň prezidenti Kasym Jumart Tokaýew bilen duşuşyp, özara gyzyklanýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.
Duşuşygyň dowamynda Eýranyň Daşary işler ministri Gazagystany Hazaryň ýakasynda özüniň dosty we goňşusy diýip atlandyrdy we sebitiň we halkara meselelerinde iki ýurduň ýakyn pozisiýasynyň möhümdigini aýtdy.
Şeýle hem Zarif, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary saklamak we giňeltmek üçin dowamly hyzmatdaşlygyň ýollaryny tapmak ugurda tagalla etmegiň zerurdygyny aýtdy.
Bu duşuşyga Gazagystanyň prezidenti Kasym Jumart Tokaýew hem umumy taryha we Eýran bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetine ünsi çekip, Eýran Yslam Respublikasyny sebitde esasy hyzmatdaş hasaplady we ykdysady we syýasy pudaklarda gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn giňelmegine ünsi çekdi.
Duşuşykda ýadro ylalaşygyň wakalary, Owganystandaky parahatçylyk prosesi, Astana we Sika prosesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Commets
Last News
09 مه 2022
02 مه 2022
19 آوریل 2022
30 مارس 2022
21 مارس 2022
Your Comment