131588
2024-10-04
TurkmensNews- Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneý Ysraýyla iň ýeňil jezany berendiklerini, gerek bolan halatynda bu ýurda ýene-de hüjüm gurajakdyklaryny habar berdi.
Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneý 4 ýyl arakesmeden soň Tährandaky metjitde Juma hutbasyny berdi.
Yslam dünýäsine jebislik ýüzlenmesini beren Hamaneý: “Eýran Yslam Respublikasynyň duşmany, palestinalylaryň hem duşmanydyr, Müsüriň hem duşmanydyr, Liwanyň hem duşmanydyr. Hem Siriýanyň hem-de Ýemeniň duşmanydyr. Ýüzleri tapawutly emma, duşman birmeňzeşdir. Käbirlerine garşy psihologiki söweş alyp barýarlar, beýlekilerde ykdysady söweş edýärler, käbirlerinde bomba taşlaýarlar, käwagt bolsa ýylgyryp edenini edýärler. Duşman birmeňzeş, buýruklar bir ýerden gelýär. Şol ýerden musulman halklaryna hüjüm guralmagyny isleýärler. Duşman üstünlik gazansa, beýleki ýurtlara-da hüjüm eder” diýip belledi.
Eýranyň Ynkylap Goragçylary goşunynyň 1-nji oktýabrda Ysraýyla eden hüjüminiň “sionist režimine garşy iň ýeňil hüjüm” bolandygyny aýdan Hamaneý: “Sionist režim yzygiderli jenaýat edýär. Bu režime garşy ähli çäreler görülmeli. Gerek bolan halatynda Ysraýyla ýene-de hüjüm gurarys. Yslam respublikasy öz borjuny iň uly tutanýerlilik bilen ýerine ýetirer. Biz howlukmarysam, ikirjiňlenmerisem” diýip nygtady.
Degişli Habarlar
Commets
Last News
19 ژانویه 2025
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
26 نوامبر 2024
Your Comment