98607
2021-07-21
Turkmensnews- Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Hajyň ýüzlenmesinde garşylygy yslam ýurtlarynyň yzagalaklygynyň öwezini dolmagyň ýoly diýip atlandyrdy we tutuş Yslam sebiti ABŞ-nyň we onuň ýaranlarynyň erbetliklerine garşy çydamlylygy ýokarlandyrmagyň meýdançasydygyny aýtdylar.
Aýatolla Hameneýi haj baýramy mynasybetli dünýäniň musulmanlaryna iberen ýüzlenmesinde muştak ýürekleriň Beýtullanyň zyýaratynyň hasratyny çekmekleri üstüňi alyp durmajak synagdyr diýmek bilen hajyň netijesiniň güýçden düşmejekdigini we elgatyjy gudratlaryň şol sanda Amerkanyň garşysynda durmaklygy hajyň netijelerinden hasapladylar.
Ol hezretleri sözüniň dowamynda Yslam dünýäsiniň kynçylyklaryna we betbagtlyklaryna ünsi çekip, çydamlylyk we oýanyş elementleriniň ýokarlanmagyny, esasanam Palestinada, Yemende we Yrakda bolup duran ýagdaýlary sebitiň umytly hakykatlaryndan bildiler.
allanyň dogry wadasy Mujahitleriň ýeňşi we bu göreşiň ilkinji täsiri ABŞ-nyň we beýleki zulum edýänleriň yslam ýurtlaryna goşulmagynyň we ýamanlygynyň öňüni almakdyr diýip Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri beýan etdiler.
Rewolýusiýanyň ýokary lideri: Eýran Yslam Respublikasynyň tekepbir dünýäni aladalandyrýan we gaharlandyrýan sözleriniň hemmesi garşylyga çakylygydyr diýip nygtap geçdiler.
Degişli Habarlar
Commets
Last News
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
26 نوامبر 2024
25 نوامبر 2024
Your Comment