93958
2021-05-03
Turkmensnews- Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysy: Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Kuds Güýji Günbatar Aziýada passiw diplomatiýanyň öňüni almakda iň täsirli faktordyr diýdiler.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneý, şu gün, ýekşenbe güni Halkara işçiler güni we mugallymlar güni mynasybetli eden çykyşynda Duşman tarapyndan kemsidilýän käbir resmileriň belliklerini tankytlamak bilen Kuds güýçleri Yslam respublikasynyň syýasatyny durmuşa geçirdiler diýip beýan etdiler.
Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysy, Eýran Yslam Respublikasynyň duşmanyna we oppozisiýa habar beriş serişdelerine berlen ses faýlyny tankytlap Amerikalylar ençeme ýyl bäri Eýran Yslam Respublikasynyň täsirinden gaty gaharlandylar we şonuň üçinem Şehit Soleýmaniden gaharlandylar we ony şehit etdiler diýip nygtadylar.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysy, Kuds güýçleri ýa-da Şehit Soleýmaniniň şahsyýeti hakda bolsun, sözlerini gaýtalaýandygymyzy aňladýan bir zat aýtmaly däldigimizi aýtdylar.
Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysy ýurduň meýilnamalarynda harby, ylmy, medeni we diplomatik meýilnamalary öz içine alýandygyny we bularyň hemmesiniň ýurduň syýasatyny emele getirýändigini, we bir bölümiň başga bölüme ters gelmeginiň asla manysynyň ýokdugyny aýtdylar we ony gaty ýalňyşlyk hasapladylar we Eýran Yslam respublikasynyň johapkäriniň bu hili hata baş goşmaly däldigini nygtap geçdiler.
Degişli Habarlar
Commets
Last News
22 ژانویه 2025
19 ژانویه 2025
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
Your Comment