• news ID :

    92003

  • /
  • Date :

    2021-03-21

  • Font

4bxza49499cbe81u9sy 800C450 300x169 - ynkylabyň beýik ýolbaşçysy 1400-nji hijri şemsi senesine "önümçilik؛ goldawlar we böwetleri böwüsmek" adyny dakdylarTurkmensnews- Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy, 1400-nji ýylyň başlangyjy mynasybetlieden çykyşynda Täze ýyly, nowruz baýramny gutlap, täze ýyla “önümçilik؛ goldawlar we böwetleri böwüsmek” adyny dakdylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi, 1400-nji ýylyň başy mynasybetli eden ýüzlenmesinde Nowruzy ähli watandaşlarymyza esasanam şehitleriň, weteranlaryň maşgalalaryna we Nowruzy belleýän ähli halklara we Täze ýyl baýramynyň meret aýynyň baýramlaryna gabat gelmegini gutlamak bilen 1400-nji ýylyň iki baýramynyň Maddy we ruhy bereketlerinden paýly bolmagy umyt etdiler we täze ýyly “önümçilik؛ goldawlar we böwetleri böwüsmek” diýip atlandyrdylar.

Aýatolla Hameneý Hezretleri 99-njy ýyly dürli we görlüp-eşidilmedik wakalardan, esasanam Nätanyş korona hadysasyndan doly hasaplap Korona, işleri, mekdepleri, dini jemagatlary, sport we syýahat ýaly ugurlara täsir edip, ýurtda işe agyr zarba urdy diýdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, korona sebäpli on müňlerçe adamyň ölümini 99-njy ýylyň iň pajygaly wakalaryndan hasaplap wepat bolanlara ylahy rehim we bagyşlanma sorap, aradan çykanlaryň maşgalalaryna duýgydaşlyk bildirdiler.

ol hezretleri Duşmanyň iň ýokary basyşynyň ýeňilmegini 1399-njy ýylda milli mümkinçilikleriň ýene bir şöhlesi diýip atlandyrmak bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýolbaşçylygyndaky Eýranyň duşmanlary eýran halkyny dyza çökdürmäge synanyşdylar, Elbetde, milletiň durjakdygyny we olaryň şowsuz boljakdygyny bilýärdik, ýöne häzirki wagtda Amerikalylaryň we Ýewropaly ýoldaşlarynyň boýun alşy ýaly iň ýokary basyş başa barmady diýip nygtadylar.

Soňra Aýatolla Hameneýi 99-njy ýylyň şygarynyň ýagny önüm badalgasynyň ýerine ýetirilişine ünsi çekip Köpçüligiň we hökümetiň köp sanly hasabatyna görä, önüm badalgasy ýurduň käbir ýerlerinde kabul ederlikli derejede amala aşyryldy diýip beýan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri önüm badalgasy şygaryny düýbünden rewolýusiýa şygary hasaplap Önüm badalgasynyň amala aşyrylmagy ýurtda hem ykdysady walýutanyň, şol sanda milli walýutanyň gymmatyna hem täsir edýär, şeýle hem milli derejesinde özüňe ynamyň, jemgyýetiň kanagatlanmagyna we milli howpsuzlygyň kepilliklerine sebäp bolýar diýdiler.

Aýatolla Hameneýi Hezretleri höweslendiriji çäreleriň görülmegini önüm badalgasy üçin zerur hasaplap ýurtdaky iş ýagdaýy şeýle bolmalydyr welin, adamlar önümçilige maýa goýmaga we önümçilik çykdajylarynyň ýokarlanmagynyň öňüne geçmäge maýyl bolmalydyrlar diýip nygtadylar.

Aýatolla Hameneýi, ýakyn wagtda geçiriljek saýlawlar we önüm badalgasynyň gülläp ösmegine dörän şertler babatly 1400-ni ýyly möhüm ýyl diýip atlandyryp 1400-nji ýylyň Hordad aýynda geçiriljek saýlawlar we ähtimallaýyn täze administrasiýalaryň iş başyna gelmegi bu ýyly ýurduň geljeginde örän möhüm, duýgur we täsirli ýyla öwürendir diýip beýan etdiler.

Häzirki hökümet we geljekki hökümet, önümçilige hakyky badalga bermek üçin önümçilik ugurdaky ähli päsgelçilikleri aýyrmak üçin ähli taraplaýyn tagalla etmelidirler diýip Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri nygtap geçdiler.

Share :
Share :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Related posts

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز