123890
2023-11-13
TurkmensNews- Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 16-nji Sammiti Özbegistanyň paýtagty Taşkent şäherinde başlady.
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylyk etmeginde guralan sammitden ozal liderler ýadygärlik surat aldyrdylar.
Sammite gatnaşýan Prezident R.T.Erdoganyň çykyş edip, liderler bilen özara duşuşyklar geçirmegine garaşylýar.
Ysraýylyň Palestinada 7-nji oktýabrdan bari üznüksiz dowam edýän hüjümlerini bes etmegi, Palestina gyssagly ynsanperwer kömegiň ýetirilmegi sammitiň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bolar.
Sammitde agza ýurtlaryň arasyda söwda, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça başlangyçlar ediler.
Sebitleýin meselelere-de garaljak sammitde, sebit bilen Türkiýäniň arasynda gönüden gara ýoly arabaglanşygyny ýola goýjak Zengezur geçelgesinde ýetilen soňky sepgit seljeriler.
Degişli Habarlar
Commets
Last News
19 ژانویه 2025
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
26 نوامبر 2024
Your Comment