88247
2021-01-07
ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda, Prezident Donald Trampyň tarapdarlarynyň Kongresiň binasyna çenli giren wakalarynda 4 adam ýogaldy, azyndan 52 adam saklandy
Şäherde başdan geçirlen wakalar sebäpli ýerli wagt bilen 18.00-dan soň köçä çykmak gadagan edildi.
Paýtagt Waşingtonda ýöriş geçiren Trampyň tarapdarlaryndan käbiri, polis barrikadasyny geçip Kongresiň binasyna girdi.
Howpsyzlyk güýçleri, Kongrese giren protestçylara garşy gözüňi ýaşardýan gaz ulandy.
Binadaky dyklyşykda ýaralanan zenan ýogaldy.
Waşington DC-niň howpsyzlyk gullugyndan berlen beýannamada, Kongresdäki wakalarda ýaralanan zenanyň hassahanada bejergi astyna alynandygy emma halas edilip bilinmändigi nygtaldy.
Ýogalan zenanyň şahsyýeti hakynda maglumat berilmedi.
Howpsyzlyk güýçleriniň ýolbaşçysy Robert Konte, wakalarda ýene-de 3 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.
Biri zenan 3 adamyň ýogalandygyny Konte, ady ýogalanlaryň şahsyýety barada bolsa maglumat bermedi.
Konte mundan başgada wakalarda 14 polisiň ýeňil ýaralanandygyny we azyndan 52 adamyň saklanandygyny aýtdy.
Howpsyzlyk güýçleri, Kongresiň binasynyň golaýynda partlaýjy maddalarynyň tapylandygyny we täsirsiz ýagdaýa getirlendigini mälim etdi.
Wakalar sebäpli Kongresde, Jo Baýdeniň prezidentlige saýlanandygyny tassyklajak oturluşyga arakesme berildi we oturluşygy gönükdirýän Wise-prezident Maýk Pens daşary çykaryldy. Pens birnäçe wagt soň beren beýannamasynda, Kongresiň binasyndaky wakalaryň bes edilmegi üçin çagyryş berdi.
Wakalar sebäpli senatorlar hem binadan çykaryldy.
Saýlanan prezident Jo Baýden, metbugata beren beýannamasynda, ABŞ-da demokratiýa we hukugyň üstünligine garşy guralýan hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş berdi.
Trampa ýüzlenen Baýden, “Kameralaryň öňüne çykmaly we Kongresdäki gabaw bes edilmeli” diýdi.
Pensilwaniýanyň gubernatory Tom Wolf, Twitterden beren habarnamasynda, paýtagt Waşintonda protestçylaryň Kongrese girmegini “agdarlyşyk synanşygy” hökmünde häsiýetlendirdi.
Wakalar sebäpli Tramp, Milli goragçylara “Kongresiň binasyndaky wakalaryň bes edilmegi” üçin görkezme berdi.
Nýu-Ýorkyň gubernatory Andrew Kuomo, Twitterden beren habarnamasynda “ABŞ-nyň Milli goragçylarynyň islegi sebäpli Nýu-Ýorkdan 1000 goragçy iki hepdeligine paýtagt Waşingtonda iş alyp barar” diýdi.
Prezident Donald Tramp, sosial mediadan beren habarnamasynda, protestçylara “parasatly bolmaklary” üçin çagyryş berdi. Dartgynlygyň möwjändigi sebäpli Donald Tramp bu gezek wideo ýüzlenme bilen “Saýlawda galplyk etdiler emma siz öýleriňize gitmeli” diýdi.
Tramp, ýörişlerden öň beren beýannamasynda bolsa prezidentlik saýlawynda ýeňilendigini kabul etmejekdigini aýdypdy.
Donald Tramp, 2020-njy ýylyň 3-nji noýabrynda geçirlen prezident saýlawynyň netijeleriniň tassyklanmagy maksady bilen Kongresde geçiriljek oturluşyk üçin Waşingtonda bir ýere jemlenşen tarapdarlaryna gülle geçirmeýän aýnanyň arkasyndan ýüzlenip eden çykyşynda “Demokratlaryň saýlawlarda galplyk edendigini” öňe sürüpdi.
Saýlawda özüniň üstünlik gazanandygyny aýdan Tramp “Asla ýeňilendigimi kabul etmerin we boýun egmerin” diýipdi.
Degişli Habarlar
Commets
Last News
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
26 نوامبر 2024
25 نوامبر 2024
Your Comment