95718
2021-05-30
TurkmensNews- UEFA Çempionlar ligasynyň 2020-2021-nji ýylyň futbol möwsüminiň çempiony Mançester Siti komandasyndan 1-0 hasabyndan üstün çykan Çelsi komandasy boldy
Ýewropa futbolynyň klublar derejesindäki iň uly turniriniň final tapgyrynda 2 iňlis komanda, Portugaliýanyň Porto şäherindäki Dragao stadionynda duşuşyk geçirdiler.
Çelsi komandasynyň goluny 42-nji minutda nemes hüjümçi Kaý Hawerts garşydaş komandanyň derwezesine geçirdi.
Duşuşykda 1-0 hasabynda üstün çykan Çelsi çempion boldy.
Taryhynda 3-nji gezek final tapgyra çyka Çelsi, 2012-nji ýyldaky ýeňişinden soň 2-nji gezek kubogy almagy başardy.
Koronawirus epidmiýasy sebäpli stadionyň umumy göwrüminiň 33 göterim derejesinde janköýer alynmagyna rugsat berilen duşuşyga 14 müň 110 adam tribunadan tomaşa etdi.
Degişli Habarlar
Commets
Last News
22 ژانویه 2025
19 ژانویه 2025
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
Your Comment