• news ID :

    47115

  • /
  • Date :

    2019-03-04

  • Font

BerdiMohemdow 300x169 - Türrkmenistanda Serdar Berdimuhamedow hususy telekeçilik desgalarynyň düýbüni tutdyTurkmensNews: 27-nji fewralda Türrkmenistanyň Gökdepe etrabynda hususy telekeçilik pudagynyň iki desgasynyň – agrosenagat toplumynyň we demir-beton önümlerini öndürýän zawodyň düýbüni tutmak dabaralary boldy.

Bu dabaralara Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow, şeýle-de milli parlamentiň agzalaryň, TSTB-niň agzalary we ýaşulular gatnaşdy.

TDH-nyň habar bermegine görä, 220 gektar meýdany tutýan agrosenagat toplumyny «Sowuk göz» hojalyk jemgyýeti bina eder.

Bu topluma ýylda 360 müň tonna sygyr we goýun etini öndürjek, ýylda dürli görnüşli balyklaryň 240 tonnasyny öndürmeli desgalar girýär. Toplumyň desgalarynyň hatarynda çakyr kärhanasy-da bar. Onuň kuwwaty ýylda 15 müň tonna üzümi gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Dürli görnüşli üzümleri ösdürip ýetişdirmek Gökdepe etrabynyň çäginde «Sowuk göz» hojalyk jemgyýetine degişli bolan 520 gektar meýdanda amala aşyrylar.

Neşiriň ýazmagyna görä, toplumyň çäginde öndürilýän önümleri gaplamak üçin plastik we karton gaplarynyň önümçiligi ýola goýlar, 20 gektar ýerde limon ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem 70 gektarda pomidor, 10 gektarda hyýar we 20 gektar meýdanda bolsa dürli hili gök we bakja ekinleri ösdürilip ýetişdiriler. Mundan başga-da, ýyladyşhanalarda we açyk meýdanlarda ekmäge niýetlenen dürli tohumlar we nahallar 10 gektar meýdanda ösdürilip ýetişdiriler.

Daýhanlar we telekeçiler bilen şertnama baglaşmak meýilleşdirilýär. Olara oba hojalyk maksatly ýer gaznasyndan ýer bölekleri bölünip berildi. Şertnama laýyklykda, olara dökün we tohum berler, ýetişdirilen hasyl bolsa satyn alnar.

Toplumyň çäginde weterinariýa, lukmançylyk gulluklarynyň hünärmenleriniň, şeýle hem barlaghana merkeziniň we bank şahamçasynyň işi üçin ýörite desgany bina etmek meýilleşdirilýär. Bu ýerde söwda merkezi, şeýle hem ulaglaryň 500-sine niýetlenen duralga gurlar.

Soňra ýylda 300-den 1200 millimetre çenli diametri bolan 500 müň metr beton turbalaryny we demirbeton önümlerini öndürmäge niýetlenen kärhananyň gurluşygyna badalga berildi.

Ýatladýarys, Serdar Berdimuhamedow 9-njy fewralda bir ýyladyşhanany açyp, ikinjisiniň düýbüni tutdy, 24-nji ýanwarda täze ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň binýadyny tutdy, 2018-nji ýylyň oktýabrynda Ahalda “döwrebap obalaryň” düýbüni tutsa , sentaýbrda bäbekhana açdy.

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز