80429
2020-08-06
،TurkmensNews- «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Ýurduň nebitgaz pudagyna bagyşlanan, türkmen Ýangyç energetika toplumynyň (ÝET) ösüşiniň esasy ugurlaryny we meýillerini şöhlelendirýän ýöriteleşdirilen neşirde ykdysadyýetiň bu möhüm pudagynyň öňünde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan goýlan anyk wezipeleriň nähili çözülýändigi barada gürrüň berilýär.
Žurnalyň sahypalarynda esasy hünärmenleriň pikirleri, häzirki ýagdaýyň seljermesi, çaklamalar, statistika we maglumatlar bilen tanyşmak bolýar, iň täze tehnologiýalar we häzirki zaman enjamlary, türkmen alymlary tarapyndan alnyp barylýan barlaglar barada bilmek bolýar.
Mysal üçin, täze sanda tebigy gazy gaýtadan işlemegiň innowasion usullary, uglewodorodlary çykarmak, özleşdirilmesi aýratyn çylşyrymly häsiýetlendirilýän känleri we gatlaklary özleşdirmek boýunça ulanylýan kämilleşdirilen tärler hakynda makalalar çap edildi.
Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Türkmen Lideri tarapyndan öňe sürlen netijeli başlangyçlar, olary durmuşa geçirmek babatynda alnyp barylýan iş ýüzündäki ädimler, tutuş ýurduň ykdysadyýetiniň depginli ösüşi, ýurtda döredilen, halkara kadalara laýyk gelýän milli kanunçylyk we anyk taslamalar bilen berkidilen oňyn maýa goýum ýagdaýy — bularyň ählisine žurnalyň sahypasynda dürli jähetlerde seredilip geçilýär.
Türkmen uglewodorodlaryny dünýä bazarlaryna ibermegi mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak esasy temalaryň biridir. Türkmenistan prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda maksada okgunlylyk esasynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen iri möçberli taslamalaryň birnäçesini işläp düzmek bilen köp görnüşli gaz geçiriji ulgamy döredýär. «Hemişelik Bitaraplyk ýoly — parahatçylygyň we ösüşiň ýoly» we «Energetika we halkara gatnaşyklar» atly makalalar şu meselelere bagyşlanandyr.
Türkmenistanyň köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze görnüşleriniň ýangyç-energetika pudagynyň binýadyny düzýändigi kanunalaýykdyr.
Uglewodorod ýangyjyny çykarmagyň we daşary ýurtlara ibermegiň möçberlerini artdyrmak boýunça tagallalary güýçlendirmek bilen birlikde, türkmen döwletiniň nebiti we gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikleri döretmek boýunça netijeli çäreleri geçirýändigini, bu wezipeleri iň ýokary tehnologiýa derejesinde çözýändigini bellemek gerek.
Degişli Habarlar
Commets
Last News
22 ژانویه 2025
19 ژانویه 2025
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
Your Comment