65216
2019-11-30
TurkmensNews: 2019-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň ikinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.
Howa menzilinden türkmen Lideriniň awtoulag kerweni “Kuksaroý” döwlet kabulhanasyna tarap ugrady. Bu ýerde Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy boldy.
Gepleşikleriň dowamynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň gün tertibine girizilen meseleler boýunça pikir alyşmagyň çäklerinde, Türkmenistanyň döwlet Baştutany bu duşuşygyň dowamynda ýakyn we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitleniljekdigine, sebit hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna ynam bildirdi.
“Kuksaroý” köşgünde geçirilen ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soň, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew türkmen Lideri tarapyndan yazylan hem-de dürli dillere, şol sanda özbek diline terjime edilen kitaplaryň sergisine aýlanyp gördüler.
Soňra iki döwletiň Liderleri maslahatlar zalyna geçdiler. Ol ýerde Türkmenistanyň Prezidentine Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň “Hormatly akademigi” atly derejäni bermek dabarasy boldy. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Behzot Ýuldaşew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hormatly akademigiň lybasyny geýdirdi, hormat nyşanyny we degişli diplomy gowşurdy.
2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti sammitiň resmi çäreleriniň geçirilýän ýeri bolan “Kuksaroý” köşgüne ugrady. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Daşkent şäherine şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem geldiler.
Sammitiň gün tertibi syýasy, söwda-ykdysady, maliýe goýum, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer we beýleki pudaklardaky sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerini, şeýle-de halkara meseleleriniň we sebit howpsuzlygynyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmagy öz içine alýar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyndaky wajyp mowzuklar bilen cykyş etdi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.
Şol gün döwlet Baştutanlary «Kuksaroý» döwlet kabulhanasynyň Hormatly myhmanlar seýilbagynda bilelikdäki agaç nahallaryny oturtmak dabarasyna gatnaşdylar. Munuň özi bäş ýurduň doganlyk halklaryny baglanyşdyrýan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezdiginiň özboluşly nyşanyna öwrüldi.
Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanlary Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň ýadygärligine bardylar. Dabaraly ýagdaýda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri ýadygärligiň etegine gül desselerini goýup, sebitde netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşan Özbegistanyň ajaýyp döwlet işgäriniň ýagty ýadygärligini hatyralap, hormat-sarpa goýdular.
Iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow Daşkendiň Islam Karimow adyndaky Halkara howa menziline gelip, bu ýerden Türkmenistana ugrady.
Degişli Habarlar
Commets
Last News
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
26 نوامبر 2024
25 نوامبر 2024
Your Comment