• news ID :

    97055

  • /
  • Date :

    2021-06-21

  • Font

4by2cb5f1e9cb01w7ik 800C450 300x169 - Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutladyTürkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Seýed Ebrahim Raise Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollady.

“Türkmenistan bilen goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda emele gelen ýakyn gatnaşyklar özüniň köpugurlylygy bilen tapawutlanýar. Biz dost-doganlygyň we özara hormat goýmagyň baý tejribesine esaslanýan bu gatnaşyklarymyzyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýarys” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gutlagynda belleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Seýed Ebrahim Raise tüýs ýürekden hemişe berk jan saglyk, Eýranyň doganlyk halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Share :
Share :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز