36224
2018-09-26
TurkmensNews- Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana Ahwaz şäherinde harby ýörişiň dowamynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylykly hereketler zerarly gynanç bildirdi
.
“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar.
Şu agyr pursatda Türkmenistanyň döwlet Baştutany bu ýurdyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.
Commets
Last News
22 ژانویه 2025
19 ژانویه 2025
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
Your Comment