• news ID :

    39851

  • /
  • Date :

    2018-11-11

  • Font
  • Türkmenistanyň prezidenti 300x193 - Türkmenistanyň prezidenti, Belarusyň “Belgorhimproma” sud haýbatyny atýarTurkmensnews-  Garlykdaky kaliý kärhanasy işlemeýär. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Belarusyň “Belgorhimproma” sud haýbatyny atýar

.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji noýabrda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, hususan-da Garlykdaky kaliý kärhanasynyň işinden örän nägiledigini bildirdi.

Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň işe girizilenine bir ýyldan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, bu önümçilik toplumy doly taslama kuwwatyna çykarylanok, onuň ýolbaşçylaryndan bolsa emele gelen ýagdaýy düzetmek boýunça hiç hili teklip gelip gowşanok.

Prezident wise-premýer Kerim Durdymyradowa ýüze çykan kemçilikleri doly seljermegi, bu toplumyň işi bilen baglanyşykly meseleleri oňyn çözmek üçin halkara arbitraža degişli resminamalary taýýarlamagy we ýollamagy tabşyrdy.

“Orient” atly türkmen neşiriniň ýazmagyna görä, şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda diňe 24,2 müň tonna kaliý dökünleri öndürildi, şol bir wagtda kärhananyň taslamadaky önümçilik kuwwaty 1,4 million tonna önüm bolup durýar. Has anygy, häzir kärhana planlaşdyrylan döküniň diňe 2,3 prosentini (32,3 müň tonna) öndürýär.

Ýatladýarys, Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplum 2017-nji ýylyň 31-nji martynda işe girizildi, onuň gurluşygy ýurt gaznasyna pesinden $1,1 milliard serişdä düşdi. Bu kombinat Belarusyň “Belgorhimprom” kompaniýasy tarapyndan guruldy.

2018-nji ýylyň iýulynda türkmen tarapynyň belarus gurluşykçylaryna $42,7 million bergisiniň bardygy belli boldy. “Aşgabatda algyňy almak perspektiwasy şübheli, sebäbi Türkmenistan häzirki pursatda agyr ykdysady krizisi başdan geçirýär” diýip, şonda “Hartyýa97” neşiri ýazdy.

Belleýäris, Garlyk kombinaty açylandan bir aý soň belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenko özüniň şunuň ýaly ikinji kombinaty gurmaga çagyrylandygyny aýtdy.

Emma biraz soň “Belgorhimpromyň” tendere gatnaşmakdan ýüz öwrendigi yglan edildi.

2018-nji ýylyň aprelinde kaliý dökünlerini öndürmek boýunça ikinji kombinatyň gurluşygy TSTB-ä we ýerli kompaniýalara tabşyryldy. Ony bina etmek, şeýle-de Aşgabat-Türkmenabat awtomagistralyny gurmak üçin $3 milliard ýeňillikli karz berildi.

Döwlet baştutany oktýabr aýynda ikinji dag-magdan baýlaşdyryjy kärhananyň gurluşygynyň tizleşdirilmegini talap etdi.

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز