• news ID :

    53017

  • /
  • Date :

    2019-05-09

  • Font

Gurbanguly Berdimuhamedowa 300x297 - Türkmenistanyň nebit-gaz önümleri hakdaTürkmenistanyň prezidenti resmileri nebit-gaz önümlerini ýerlemek üçin bazar tapmaga howlukdyrýar

7-nji martda ýangyç-energetika toplomy (ÝET) boýunça wise-premýer Myratgeldi Meredow prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa öz pudagynda gazanylan üsytünlikler hakynda hasabat berdi.

Meredowyň tassyklamagyna görä, nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 101,8%, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 106,8%, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 110,5%, benzin öndürmegiň meýilnamasy 102,8%, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 106,3%, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 102,1%, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy bolsa 118,1% ýerine ýetirildi.

Emma döwlet baştutany wise-premýere “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak meseleleriniň üstünde işlemgi tabşyrdy.

Mundan başga, prezident nebit-gaz toplumyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilýän maýa serişdeleriniň özleşdirilişini çaltlandyrmagy, energiýa göterijileri dünýä bazarlaryna ugratmagy diwersikasiýalaşdyrmagy, nebit we gazhimiýa önümlerini öndürmäge niýetlenen häzirki zaman kärhanalary gurmagy tabşyrdy.

Belki-de, döwlet baştutany Owadandepede $1,7 mlrd serişdä gazdan benzin öndürmek üçin gurlan zawodda öndüriljek sintetiki benzini nazarda tutandyr. Bu zawody 2018-nji ýylda ulanmaga bemek planlaşdyryldy. Prezident Berdimuhamedow şu ýylyň 10-njy ýanwarynda onuň gurluşygynyň barşyny elin baryp,gözden geçirdi , emma bu iş henize-bu güne çenli hem tamamlanmady.

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز