124796
2023-12-11
TurkmensNews-Duşenbe güni Hökümet we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň birnäçe ýolbaşçylary täzelendi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow daşary işler ministriniň orunbasarlary Wepa Hajiýewi we Berdinyýaz Mätiýewi başga işe geçmekleri sebäpli wezipelerinden boşatdy.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň täze orunbasarlary wezipelerine Ahmet Gurbanow we Serdar Muhammetdurdyýew bellenildi.
Ahmet Guranow mundan ozal Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Tähran şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili wezipelerinde işleýärdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Döwlet protokoly we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri Serdar Muhammetdurdyýew, şol bir wagtda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.
Degişli Habarlar
Commets
Last News
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
26 نوامبر 2024
25 نوامبر 2024
Your Comment