73504
2020-04-18
Turkmensnews- Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Aşgabadyň Bütindünýä söwda guramasyna goşulmagy baradaky Döwlet toparynyň mejlisini geçirdi.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, penşenbe güni geçirilen bu duşuşygyň çäginde Türkmenistan bilen Bütindünýä söwda guramasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we bu gurama bilen hyzmatdaşlyk meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga Daşary işler we Söwda ministrlikleriniň we Türkmenistandaky beýleki döwlet edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Komissiýanyň agzalary 2019-njy ýyldaky işleri baradaky hasabaty okadylar we türkmen hökümetiniň guramada synçy agza bolmaklygy işleýändigini aýtdylar.
Mundan başga-da, ýygnananlar Bütindünýä Söwda Guramasynyň Türkmenistanyň söwda we ykdysady syýasatyny özgertmek maksatnamasyna göz aýladylar.
bu Hökümet topary, Türkmeniň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedowyň buýrugy bilen 2019-njy ýylyň ۱۵-nji iýulynda döredildi.
Related posts
Commets
Last News
11 آوریل 2021
08 آوریل 2021
06 آوریل 2021
05 آوریل 2021
05 آوریل 2021
Your Comment