92873
2021-04-11
TurkmensNews- Bu barasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligiň resmileri habar berdiler
Paýtagt Aşgabatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilelikde guramagynda “Saglyk hukugy, adam hukuklarynyň başlangyjydyr” temaly onlaýn maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistanda sanjymlama tapgyrynyň üstünlikli dowam edýändigi habar berildi.
Maslahata Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň resmileri, Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary bilen ýerli we daşary ýurtly metbugat işgärleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden Muhammed Ergeşow we Saçly Nuriýewa Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllaryň arasyndaky döwür üçin tassyklanan saglyk maksatnamasy hem-de geçiriljek çäreler hakynda gürrüň berdiler. Aýratynam Kowid-19 pandemiýasyna garşy görülen çäreler hakynda maglumat berdiler. Russiýanyň Sputnik-W sanjymy bilen raýatlaryň sanjymlama tapgyrynyň üstünlikli dowam edýändigi habar berildi. Türkmenistan pandemiýanyň öňüni alyş çäreleri üçin Russiýanyň Sputnik-W sanjymymny Orta Aziýada ilkinji bolup satyn alan ýurt.
Häzirki wagtda Türkmenistanda resmi taýdan beýan edilen bellige alynan koronawirus kesellisi ýok. Emma ähli döwlet edaralarynda, mekdeplerde we sosial desgalarda hassalygyň ýokuşmagyna garşy gigieniki düzgünleri birkemsiz berjaý edilýär.
Pandemiýa garşy görülýän çäreleri işjeň we netijeli dowam etdirýän Türkmenistanda sanjymlama bilen birlikde durmuş kadalaşýar. Şol çäkde aprel aýynda gigiýeniki we saglyk çäreleriniň birkemsiz berjaý edilmegi şerti bilen welaýatlaryň arasynda otly we awtobus gatnawlary başlady. Metjitler namazlarda jemagaty bilen, teatr we kino ýaly sosial çäreleriň geçirilýän ýerleri hem tomaşaçylar bilen duşuşmaga başlady.
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkmenistana saparyndan son pandemiýadan son durmuş şertleriniň kadalaşmagy bilen Türkmenistana uçar saparlarynyň ýaňadandan başlajakdygyny beýan edipdi.
Commets
Last News
22 ژانویه 2025
19 ژانویه 2025
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
Your Comment