119370
2023-04-16
TurkmensNews- Serdar Berdimuhamedow 17-nji aprelde boljak Gadyr gijesi mynasybetli günäsi geçilen raýatlaryň, arman-ýadaman zähmet çekmeklerini, ýurtda alynyp barylýan giň gerimli işlere goşant goşmaklaryny, Türkmenistana tüýs ýüreklerinden hyzmat etmeklerini diledi
Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen permana laýyklykda, 17-nji aprelde boljak Gadyr gijesi mynasybetli, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen 463 raýatyň günäsi geçildi.
Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow ýurtda däbe öwrülen jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň milli baýramlardan ozal günäleriniň geçilýändigini ýatlatdy.
Serdar Berdimuhamedow permana gol çekeninden soň günäsi geçilen 463 raýatyň tussaglykdan boşadylyp, ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmaklary üçin ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Serdar Berdimuhamedow 17-nji aprelde boljak Gadyr gijesi mynasybetli günäsi geçilen raýatlaryň, arman-ýadaman zähmet çekmeklerini, ýurtda alynyp barylýan giň gerimli işlere goşant goşmaklaryny, Türkmenistana tüýs ýüreklerinden hyzmat etmeklerini diledi.
Degişli Habarlar
Commets
Last News
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
26 نوامبر 2024
25 نوامبر 2024
Your Comment