102225
2021-10-08
TurkmensNews- Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew owgan halkyna kömek bermäge dowam etjekdiklerini beýan etdiler
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, resmi saapr bilen giden Özbegistanda ýurdyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş eden özbek we türkmen liderler, Owganystanda başdan geçirilen soňky hadysalaryň üstünde durup geçdiler.
Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew: “Sebitiň howpsuzlygy we dowamlylygy umuman alanyňda Owganystandaky ýagdaýlara baglydyr. Ýurtlarymyz bu ýurtda uzak möhletleýin parahatçylygyň we galkynyşyň üpjün edilmegi üçin Owganystanyň halkyna ähli taraplaýyn kömek bermäge dowam etmäge taýardyrlar” diýip belledi.
Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew Owganystanyň hem degişli bolan halkara taslamalaryň dowam etdirilmegi üçin bu ýurt bilen gepleşikleri dowam etdirmegi meýilleşdirýändiklerini habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, hem ýurdunyň hem-de Özbegistanyň Owganystan meselesi bilen bagly pozisiýalarynyň meňzeşdigini belläp: “Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky Owganystan bilen bagly özara gatnaşyk, bu ýurtdaky syýasy ýagdaýy kadalaşdyrmaga, sosial taýdan dikeltmäge, ýurdy sebitleýin we dünýä ykdysady gatnaşyklar ulgamyna giň gerimli goşmak üçin uly peýdalar getirip biler” diýip mälim etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana guran saparynyň çäginde iki ýurdyň arasynda tapawutly ugurlar boýunça 23 aýry resminama gol çekildi.
Degişli Habarlar
Commets
Last News
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
26 نوامبر 2024
25 نوامبر 2024
Your Comment