• news ID :

    98298

  • /
  • Date :

    2021-07-13

  • Font

Turkmenistan 18 - Türkmenistan türkmen-owgan serhedi bilen bagly ygtybarsyz öňe sürmeleriň nädogrydygyny bellediTurkmensNews-  Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi türkmen-owgan serhedi bilen bagly ygtybarsyz öňe sürmeleriň nädogrydygyny beýan etdi

Türkmenistanyň harby tehnikasyny we artileriýasyny Owganystan serhedine ýerleşdirendigi baradaky öňe sürmeleriň hakykata bap gelmeýändigini mälim etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, soňky birnäçe gün bäri Russiýanyň käbir habarlar gulluklarynyň türkmen-owgan serhedinäki ýagdaý barada barlanylmadyk we ygtybarly bolmaýan habarlar ýaýradýandygy aýan edildi.

Ýeňil şöhrata kowalaşylan galp habarlaryň berilen, Türkmenistanyň harby tehnikasyny we artileriýasyny Owganystan serhedine ýerleşdirendigi baradaky habaryň ygtybarsyz bir maglumatdygy mälim edildi.

Iki goňşy ýurdyň we halklarynyň doganlyk gatnaşyklarynyň saýasynda türkmen-owgan serhediniň dostluk hem-de hyzmatdaşlyk serhedi bolup durýandygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň garamagyndaky ähli harby bölümçeleriň, olaryň şahsy düzümleriniň şeýle hem harby tehnikasynyň hemişelik hereket edýän ýerinde ýerleşýändigi habar berildi.

Gadymy goňşuçylyk däp-dessuryna laýyklykda we halkara hukugyň we borçnamalaryň mizemez ýörelgelerinde bar bolan jogapkärçiligi ýerine ýetirmek arkaly, Türkmenistanyň doganlyk Owganystan bilen parahatçylykly we hoşniýetli goňuşçylyk gatnaşyklaryny dowam etdirmäge we berkitmäge dowam etjekdigi mälim edildi.

Türkmenistanyň eýýäm ençeme wagt bäri jepa çekýän owgan halkynyň ýaşaýan topraklarynda parahatçylygy ýaňadandan dikeltmek üçin syýasy-diplomatik mehanizmleriniň we ýollarynyň gözlenmegi we durmuşa geçirilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýändigi aýan edildi.

Share :
Share :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز