103968
2021-11-17
TurkmensNews- Türkmenistan Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Döwlet Baştutanlarynyň sekizinji mejlisiniň maslahaty bilen bagly beýanat berdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyyew, paýtagt Aşgabat şäherinde geçiren metbugat ýygnagynda, 12-nji noýabrda geçirilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Döwlet Baştutanlarynyň sekizinji mejlisiniň maslahaty bilen bagly beýanat berdi.
Maslahata Türkmenistanyň synçy ýurt hökmünde gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp geçen Wepa Hajyýew, ykdysadyýet, söwda, maýa goýum, ekologiýa, bilim we beýleki ugurlar boýunça giň-gerimli mümkinçilikleriň bolmagy sebäpli maslahatyň Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlar bilen gatnaşyklary taýdan bir öwrülişik nokadydygyny beýan etdi.
Wepa Hajyýýew, möhüm sebitleýin gurama bolan Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň medeni gymmatlyklary bilen dünýä halklaryny jebisleşdirýändigini we ýurtlaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary berkidýändigini aýan etdi.
Degişli Habarlar
Commets
Last News
01 ژانویه 2025
18 دسامبر 2024
14 دسامبر 2024
26 نوامبر 2024
25 نوامبر 2024
Your Comment