• news ID :

    111858

  • /
  • Date :

    2022-06-24

  • Font

ترانزیت قطار 300x243 - Türkmenistan Orta Aziýada Logistika taýdan geçiş merkezine öwrüldiTurkmensNews-  Türkmenistan ýerleşýän sebiti bilen dünýäniň arasynda köpri wezipesini emele getirmekde möhüm rol eýeleýär.

Gazagystandan Türkiýä tarap ýola çykan kükürt ýüklenen ilkinji konteýner otlusy Türkmenistandan geçip Tährana baryp ýetdi.

Türkmenistan Orta Aziýadaky geosyýasy ýerleşişi taýdan demirgazyk-günorta we gündogar-günbatar ugurly aragatnaşyk koridorlarynyň edil merkezinde ýerleşýär.

Geçen hepde Tähranda duşuşyk geçiren Eýranyň we Türkmenistanyň Döwlet baştutanlary ulag-üstaşyr geçelgede Transport komissiýasynyň döredilmegi barada karara gelipdiler. Ondan soň bolsa Gazagystanyň lideri Tokaýew hem Tährana sapar gurady.

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň uly mümkinçiligini göz öňünde tutýan liderleriň şol hyzmatdaşlygy ilkinji miwelerini bermäge başlady.

Gazagystandan Türkiýä tarap ýola çykan kükürt maddasy ýüklenen ilkinji konteýner otlusy Türkmenistandan geçip Tährana baryp ýetdi. Şeýlelik bilen Hytaý bilen Ýewropanyň arasyndaky Ýüpek ýoly, demir ýollar arkaly ýaňadandan ýola goýuldy.

Şeýlelik bilen sebitde dowamly ýük daşamagyň başladylmagy bilen, Orta Aziýa bilen Türkiýäniň arasyndaky aragatnaşyk koridory materigiň logistika liniýasyna goşuldy.

Mundan soň önümler we hyzmatlar bazarlara has amatly we ýeňil ýagdaýda ýetiriler. Bu bolsa sebitiň ýurtlarynyň uzak möhletleýin galkynyşyna uly itergi berer.

Gazagystan-Türkiýe arasyndaky 12 günlük ýoluň uzynlygy 6336 km bolmak bilen birlikde, şonuň takmynan 3185 km Gazagystanyň, 700 km Türkmenistanyň, 1517 km Eýranyň we 934 km Türkiýäniň territoriýasyndan geçýär.

Share :
Share :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز