• news ID :

    93748

  • /
  • Date :

    2021-04-28

  • Font

4bsifc9cabb29c1fvut 800C450 150x150 - Türkmenistan döwleti Aziýa Ösüş Banky bilen hyzmatdaşlygyny giňeltýärTurkmensnews- Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministri Merkezi Aziýadaky Aziýa Ösüş Bankynyň başlygy bilen duşuşyp, Koronadan soňky döwürde sebit we saglyk hyzmatdaşlygynyň ösüşi barada pikir alyşdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministri “Muhammetgeldi Serdarow” we Merkezi Aziýada Aziýanyň Ösüş Bankynyň başlygy “Safdar Parviz” 2030-njy ýyla çenli saglyk strategiýasy meselesi hemde Merkezi Aziýada ýol howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin tehniki kömek bermek barada maslahatlaşdylar.

Duşuşykda täze ykdysady koridorlary döretmegiň we ulag aragatnaşygyny gowulandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, sebitde telekeçiligi ösdürmek we iş orunlaryny döretmek üçin mümkinçilikler döretmegiň zerurdygy nygtaldy.

Merkezi Aziýanyň ykdysady maksatnamasy 10 ýurdy öz içine alýar: Owganystan, Mongoliýa, Azerbaýjan, Päkistan, Täjigistan, Gazagystan, Türkmenistan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Gürjüstan we Aziýa Ösüş Banky, Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky ýaly 7 halkara guramasy tarapyndan şol sanda Halkara Pul Gaznasy, Yslam Ösüş Banky, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy, Bütindünýä Banky we Aziýanyň Infrastruktura Maýa goýum Banky tarapyndan goldanýar.

Share :
Share :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز