• news ID :

    129081

  • /
  • Date :

    2024-06-14

  • Font

Turkmenestandaky dinozawrlaryn ayak yzlary 300x169 - Türkmenestandaky dinozawrlaryň aýak yzlary syýahatçylaryň ünslerini özüne çekýärTurkmensNews-  Paleontologiki gudrat hasaplanýan bu sebit, dünýädäki iň köp dinozawr aýak yzlary bilen ünsleri özüne çekýär.

Millionlarça ýyl ozal ýaşadylar, iýmit zynjyrynyň başynda durýardylar. Adamzat taryhyndan ozalky döwürleriň içinde iň özüne çekýän  görnüş bolan dinozawrlara degişli tapyndylar Türkmenistanda gabat gelmek bolýar.

TRT-nyň Türkmenestandaky wekili Ugur Sami Gezer: “Köýtendag Goraghanasynyň çäklerinde ýerleşýän 500 metr uzynlygynda, 260 metr giňligindäki Dinozawr depesiniň eňňidinde tapawutly dinozawrlara degişli bolan köp sanda aýak yzlary bar” diýip habar berdi.

Uzynlygy 20 bilen 80 sm aralygynda üýtgeýän 2000-den gowrak gatan aýak yzlary 140 million ýyl ozal ýaşap geçen dinozawrlara degişlidigi beýan edilýär.

Köýtendag döwlet goraghanasynyň ylmy bölüminiň ýolbaşçysy Şanyýaz Meňliýew: “Çökündilerde takmynan 140 million ýyl ozal ýaşap geçen ot iýýän we ýyrtyjy dinozawrlaryň üç aýagyny kesgitleýän aýak yzlary bar. 1,5 metr ädim uzynlygyna eýe bolan 80 sm çenli ýetýän aýak yzlarynda, dinozawrlaryň 8 bilen 12 metr beýikliginde, 10 bilen 12 tonna agyrlygynda bolandyklaryna göz ýetirip bolýar. Esasan hem arka aýaklarynyň üstünde ýöreýän 12 dinozawryň bu ýerden geçendikleri anyklandy” diýip habar berdi.

Hünärmenler tektoniki hereketleriň ýüze çykaran yzlarynyň alymlary haýran galdyrýandygyny aýdýarlar.

Köýtendag döwlet goraghanasynyň ylmy bölüminiň ýolbaşçysy Şanyýaz Meňliýew: “Köp sanda aýak yzlarynyň bir ýerde bolmagy alymlary haýran galdyrýar. 150 million ýyl ozal Köýtendag daglary Titus deňiziniň kenarynda batgalyk bir ýerdi. Bu ýerde dinozawrlar aýak yzlaryny goýup gitdiler. Günüň astynda gurap, daşa öwrülen aýak yzlary, deňiz tarapyndan alyndy. Ondan soňky ýyllarda tektoniki hereketler bilen beýgelen ýerde Köýtendagy emele geldi we gurap gatan yzlar ýüze çykdy” diýip habar berdi.

Ýerli we daşary ýurtly syýahatçylar tarapyndan atlaryň üstünde gezelenç edilýän Dinozawr depeleri, 1990-njy ýylda tebigy ýadygärlik hökmünde yglan edildi. Türkmenistanyň möhüm syýahatçylyk zolagy ýagdaýyna öwrülen sebitiň UNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawyna goşulmagyna garaşylýar.

Share :
Share :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Degişli Habarlar

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز